Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döredip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly alnyp barylýan giň gerimli işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi tutuş halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň hem möhüm şertleriniň biridir.
Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň durmuşa doly ornaşdyrylmagy üçin esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi), elektron işewürlik (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) hem-de elektron söwda ýaly ugurlaryň kämilleşdirilmegi esasy zerurlyklar hasaplanýar. Şu üç şertiň üstünlikli berjaý edilmegi ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň bu ugurdan bilim gorunyň ýeterlik bolmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryna aýratyn ünsi çekip, munuň üçin ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmeginiň, ugurdaş düzümleriň, düýbünden täze dolandyryş çemeleşmeleriniň kemala getirilmeginiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini yzygiderli nygtamagy durmuş zerurlygyny aňladýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde durmuşyň ähli ugurlarynda — senagatda, söwdada, bank ulgamynda, saglygy goraýyşda, bilimde, ylymda, medeniýetde, syýahatçylykda sanly tehnologiýalary ulgamlaýyn ornaşdyrmagyň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň şeýle çemeleşmesi öz beýanyny tapýar. Sanly ulgama geçilmegi hususyýetçilik işini alyp barmakda hem amatly mümkinçilikleri döredip, döwlete dahylsyz kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna has giň ýol açýar. Ol sebitde we tutuş dünýäde işewür hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde hem diýseň uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde iri sarp edijileriň sanly tehnologiýalara gyzyklanmasynyň barha artmagy olaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsleşmek üçin öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ulanmak, bazar gatnaşyklarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak ýaly zerurlyklary ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda internet söwdasyny ösdürmäge we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy döwür bilen aýakdaş gitmegiň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň esasy şertidir.
Aýjemal AKLYÝEWA,