çyzykly şertli belginiň mümkinçilikleri
Sanly tehnologiýalar bize birnäçe sagatlyk işi gysga wagtda, ýokary hil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.
Gündelik durmuşda ulanýan serişdelerimiziň, enjamlaryň, iň bärkisi hemişe ýanymyzda göterýän öýjükli el telefonymyzyň haýsy döwletde öndürilendigi ählimize gyzykly bolsa gerek. Muny bilmek üçin uly bir zähmet sarp etmezden, harytlarda ulanylýan, gelip çykýan ýerinden habar berýän ştrih koduny ýa-da QR — koduny ulanmak ýeterlik. Bu işi döwrebap derejeli enjamlaryň üsti bilen ýa-da öz akyl zähmetimizi sarp edip, ýönekeý hasaplama usuly arkaly hem anyklap bolýar. Söwda merkezlerinde ýa-da bölek söwda dükanlarynda tiz we döwrebap hyzmat etmek maksady bilen ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Bu usulda satyjylar tarapyndan gelýän müşderilere bökdençsiz, nobata durmazdan hyzmat hödürlenilýär. Bu usul diňe bir müşderiler bilen işleşilende ulanylman, eýsem, getirilýän harytlary ammarlara ýerleşdirmekde, olary hasaba almakda, hasabatyny ýöretmekde we degişli ýagdaýlarda hasapdan çykarmakda hem ýeňillikleri döredýär.
Ştrih kody harytlaryň nirede öndürilendigini we önümiň hakykylygyny ýüze çykarmak üçin zerur bolup durýar. Käbir näsazlyklara görä, önüm çalşylyp berlip hem bilinýär. Ýagny önümiň gabynda «Hytaýda öndürildi» diýip ýazylandygyna garamazdan, ol önüm ştrih kody ýa-da QR — kody arkaly barlanan ýagdaýynda, başga ýurduň önümi bolup çykýar. Bu ýagdaý her bir ýurduň öz milli prefiksi (ştrih kody) arkaly anyklanylýar.
Ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy tarapyndan «483» milli prefiksi (kody) haryt öndürijiler bolan şahsy we ýuridik taraplara berilýär. Bu gün şol ştrih kody bilen belgilenilen, ýagny «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy ýazylan önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Önümleriň haýsy ýurtda, haýsy welaýatda, ýurdumyzyň haýsy şäherinde öndürilendigini, hatda şol harydyň haýsy pudagyň önümidigini hem iň ýönekeýje hasaplama usuly bilen bilip bolýar. Umuman, ştrih kody halkara ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, 9 — 13 san belgi aralygynda bellenilip bilinýär.
Peýdalanýan islendik harydyňyzyň daşky gabynda haryt nyşanynyň ýokarysynda «®», kä ýagdaýlarda bolsa «™» belgi belgilenendir. Bu belgiler halkara derejeli söwda belgisi hasaplanylýar. Eger alan harydyňyzda şu belgilere gabat gelseňiz, diýmek, siz halkara ylmy tarapyndan ykrar edilýän we degişli ýurt tarapyndan goralýan hakyky harydyň eýesisiňiz. Käbir ýurtlarda halkara söwda guramalary tarapyndan ykrar edilmedik önümler bazarlara çykarylýar, satylmaga degişli bolmadyk ol önümler adam saglygyna zyýan ýetirip, her dürli keselçiliklere getirip bilýär. Şonuň üçin bazarlardan ýa-da söwda nokatlaryndan isleg bildirýän önümleriňiziň ilki haryt nyşanyna, önümiň ýaramlylyk möhletine, şeýle-de agzap geçen belgimize seredip satyn almak maslahat berilýär.
Mahlasy, sanly ykdysadyýetiň adamzadyň wagtyny tygşytlap, bir wagtda birnäçe işi berjaý etmegine şert döretmek bilen birlikde, onuň jan saglygynyň goralmagyna hem uly hemaýaty bardyr.
Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39737