Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işler yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, dolandyryş we durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegine gönükdirilen bu ugur tiz wagtda guwandyryjy ösüşlere eýe boldy. Milli ykdysadyýetiň we dolandyryşyň ähli ugrunda sazlaşykly ornaşdyrylýan sanlylaşdyrmak işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bu babatda sanly ykdysadyýetiň wajyp esaslaryny döretmek, ilki bilen bolsa, ulgamyň kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün edilmek boýunça wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz 17-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sanly tehnologiýalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrmaga ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň işiniň sanly ykdysadyýete geçmekde wajyp çäreleriň biridigini bellemek bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň meseleleri hakynda» Karara gol çekmegi hem bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy.
Her bir pudagyň zähmet öndürijiligini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, pudaklarda bäsdeşlige ukyply eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmek, maýa goýum mümkinçiliklerini düýpgöter täze derejelere ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýerine ýetirmeli sanly işleriniň, hyzmatlarynyň görnüşlerini kesgitlemek, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak we kämilleşdirmek işleri utgaşdyrylýar.
Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna hem giň mümkinçilikleri döredýändigi, uzak möhletli döwürde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigi bellidir. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmäge, milli senagaty diwersifikasiýalaşdyrmaga we innowasiýa häsiýete geçirmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň häzirki zaman sanly tehnologiýalar we tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna mynasyp täsir eder. Şeýle ösüş meýilnamalarynyň halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze sanly görnüşlerini ösdürmäge, sanly ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň täze görnüşlerini emele getirmäge, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, statistika işine döwrebap usullary ornaşdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tilsimatlara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga örän uly itergi berýändigine dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Bu ugry maliýe-ykdysady taýdan dolandyrmak bilen birlikde, aragatnaşyk tehnologiýasynyň howpsuzlygyny, bu babatda döwletiň, jemgyýetiň, raýatlaryň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde, şeýle hem halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy kadaly ýola goýmakda bütinleý täze wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini häzirki ösen şertler anyk görkezýär.
Häzirki zaman dünýä hojalygynda sanly özgertmeler bilen bagly bolmaýan pudaklar barha azalýar, şonuň netijesinde ol ykdysadyýete, döwlet dolandyryşyna we beýleki ugurlara öz täsirini ýetirýär. Sanlylaşdyrmak işleri barha giň gerime eýe bolup, ol şäher gurluşygynda hem täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir işewürlik mümkinçilikleri artdyrman, eýsem döwrebap ösen jemgyýetiň kemala gelmegine hem oňyn täsir edýär, bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleri döreýär, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hem, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Bu ugruň ösdürilmegi sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünäre gönükdirmek ulgamy döwrebaplaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek we bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmak maksatlaryna gönükdirilendir. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýet üçin işgärleri taýýarlamakda döwlet gullukçylarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gaýtadan taýýarlamak işleri hem maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryny nazara almak bilen, dürli pudaklaryň işgärleri üçin hünärini ýokarlandyrmak ulgamynyň hem ýola goýulmagy eýýäm öz anyk netijelerini berýär.
Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenilip, bu ugurda hem degişli wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, býujet ulgamynda «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary», «maliýe işlerini awtomatlaşdyrmak — meýilnamalaşdyryş we hasabatlylyk ulgamlary» ýaly, sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek ýaly wezipeleriň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýändigi guwandyryjy üstünliklerdir.
Nesip bolsa, bu ugurdan bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişerler. Hormatly Prezidentimiziň durmuşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleriň has-da kämilleşdirilmegi ugrundaky tutumlarynyň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Berdimyrat ORAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Sanly ykdysadyýet» kafedrasynyň müdiri.