Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Bu möhüm işlere Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Karary badalga berdi. Bellemeli zat, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary derejeli häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürleriň çekilmegini giňden talap edýär.
Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we dolandyryş edaralarynyň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny şertlendirýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy ösdürmek depginleri ýurdumyzyň täze ykdysady döwri üçin işgärleri taýýarlamak we täzeden okatmak depginleri bilen aýakdaş gitmelidir. Şoňa görä-de, programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wajyp wezipeler girizildi.
Netijede, hünär bilimini berýän okuw mekdeplerinde ýaş nesillerimizden sanly ykdysadyýet bilen bagly ugurlar boýunça hünärmenleriň uly tapgyry taýýarlanylýar. Munuň özi geljegimiziň ýaşlar bilendigini, şeýle-de sanly ykdysadyýetiň netijeliliginiň örän ýokarydygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ýulduz NURGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.