Hormaty Prezidentimiziň 9-njy iýulda 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek barada içgin nygtamagy ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere ünsüň ýokarydygyny görkezýär.
Elektron ulgam arkaly sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini öz öýünden ýa-da iş ýerinden ýokary tizlikli internetiň üsti bilen amala aşyrmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şunda diňe bir hususyýetçilerimiz tarapyndan hyzmatlaryň bu görnüşleri ulanylman, eýsem, döwlet edara-kärhanalary, karz edaralary we banklar tarapyndan hem müşderilere uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda müşderilere bankyň internet saýtyna girip, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyp, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri geçirip ýa-da zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli resminamalarynyň elektron görnüşini ugradyp, islendik möçberde karz serişdeleri almaga, karzyň esasy we göterim töleglerini tölemäge mümkinçilik döredilen.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi we wezipeleriň kesgitlenilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan döwletli işlerdir.
Sanly ykdysadyýetde «sanly hyzmatlar» diýen esasy düşünje ulanylýar. Bu elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň umumy jemlenýän ýeridir. Başgaça aýdylanda, ähli satyn alnan harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň gymmaty üçin sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron görnüşde tölegleriň amala aşyrylmagydyr.
Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza çuň ornaşmagy bilen kanunçylyk namalarymyzda, aýratyn-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýän «elektron söwda», «elektron pul», «elektron salgyt», «elektron gol», «sanly haryt», «sanly satuw» ýaly düşünjeler halkyň arasynda giňden ornaşýar.
Elektron resminama dolanyşygy baradaky düşünje — bu maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, kabul etmek, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak we ýok etmek babatdaky amallaryň jemidir.
Elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, saklamak, we telekeçilik işinde gaýry hyzmatlaryň amala aşyrylmagydyr.
Elektron pul — bu «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlaryndan peýdalanyp, müşderiniň hasaplaşyk hasabyndaky pul serişdeleriniň üsti bilen onlaýn tölegleriň ýerine ýetirilmegidir.
«Elektron salgyt» bolsa salgyt edaralarynyň müşderilerden (şahsy we ýuridik taraplardan) elektron görnüşde salgyt beýannamalaryny kabul edýär. Bu taglymat hususyýetçilere hasabatlary wagtynda bermäge, degişli tölegleri we salgytlary tiz we bökdençsiz Döwlet býujetine tölemäge, döwlet tarapyndan salgydyň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik döredýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini halkymyza barha giňden hödürleýär. Olaryň hatarynda ýokary tizlikli e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň hyzmatlaryny, demir ýol, howa peteklerini satyn almak hyzmatyny, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan köpçülikleýin hyzmat edýän awtobuslarda, ýeňil taksi, ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlarynyň ornaşdyrylýandygyny, şeýle-de hususyýetçilerimiz tarapyndan döredilen ýörite saýtlar arkaly satyn alnan harytlary müşderileriň öýüne eltip bermek hyzmatlaryny görkezmek bolar.
Elbetde, sanly ulgamyň peýdalanylmagy maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramaga, elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has netijeli usulyny saýlamaga, resminamalaryň hasaba alynmagyna, gözegçiligi amala aşyrmaga we goragly saklamaga, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almaga, aýratyn-da, kagyz resminama dolanyşygynyň belli bir derejede peselmegine, arhiw işleriniň ýeňilleşmegine täzeden-täze şertleri döredýär.
Jumageldi SALAMOW.
«Türkmenistan»
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37672