Sanly ykdysadyýet: täze mümkinçilikler

XXI asyryň başyndan bäri dowam edýän sanly öwrülişik tutuşlygyna dünýä ykdysadyýetini hem, aýry-aýry ýurtlaryň hojalyklaryny hem çalt depginde özgerdýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde önümçilige we durmuşyň dürli ugurlaryna tehnologik innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy çaltlaşyp, olaryň ulanylyşynyň ýaýrawy giňeýär. Bu gezekki tehnologik öwrülişik ozalkylara garanyňda has ýokary tizlikli we giň gerimli bolup, ol jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynyň düýpli özgermegine getirýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy işewürligiň kämilleşmegine, ýeňilleşmegine, görkezijileriň ýokarlanmagyna güýçli täsir edýän şertleriň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orunlara çykmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

«Sanly ykdysadyýet» diýen düşünje häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we işewürlik dünýäsinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýan mowzuklaryň biridir. Öňdebaryjy ýurtlaryň we meşhur kompaniýalaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, şol sanda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ykdysadyýete ornaşdyrmagyň hasabyna uly öňegidişlikleri gazanmaklary munuň esasy sebäbi bolsa gerek. Bilermenler tarapyndan «maglumatlar jemgyýeti» diýlip atlandyrylýan häzirki döwürde ykdysadyýetde önümçilige garanyňda, hyzmatlar ulgamynyň paýy artýar. Şoňa görä-de, häzirki zaman ylmy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine, ýerine ýetirilýän hyzmatlary ýönekeýleşdirýän innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Internetiň ýüze çykmagy we onuň elýeterliliginiň artmagy bolsa maglumat öwrülişigini has-da çaltlandyryp, durmuşyň ähli ugurlary bilen birlikde, ykdysadyýeti hem özgertdi. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet, gysgaça aýdylanda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işjeňligi aňladýar. Şeýle işjeňlik, esasan, ykdysadyýet bilen baglanyşykly bolsa-da, ol jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özüni alyp barşynda, dünýägaraýşynda özgerişlikleriň bolup geçmegi bilen hem häsiýetlendirilýär. Täze tehnikalara we tehnologiýalara islegiň barha artýan döwründe sanly ykdysadyýete ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde garalýar. Innowasion ykdysadyýetde önümçiligiň esasy şerti hökmünde sanly görnüşdäki maglumatlar çykyş edýär. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenmegi, olaryň seljerilmeginiň netijeleriniň giňden ulanylmagy dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň kämilleşdirilmegine hem-de harytlaryňdyr hyzmatlaryň saklanyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. 

                                                                   

Uzak geljegi nazarlaýan döwlet syýasaty sanly ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek kesgitli wagty, serişdeleri we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçinem, bu konsepsiýanyň ösdürilmegi üçin döwletiň we hususy işewürlik düzümleriniň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi, zerur kanunçylyk we maddy-tehniki binýadyň döredilmegi, ylmyň gazananlarynyň jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige we hyzmatlar ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu konsepsiýanyň jemleýji — üçünji tapgyry durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek, gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron senagaty döretmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Kiberhowpsuzlyk hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilen bolsa, ylym-bilim esasyny üpjün etmek üçin «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilip, degişli Pudagara toparynyň döredilmegi ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipä toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça işler bilen birlikde, olary dürli howplardan, töwekgelçiliklerden goramak wezipelerine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan QR-kod, ýagny dessin tassyklanýan kod arkaly hyzmatlary ornaşdyrmak, ilata köp görnüşli sanly hyzmatlary hödürlemekde adam şertini aradan aýyrmaga kömek berýän köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ösdürmek ýaly işler munuň aýdyň mysallarydyr. Bu tehnologiýalar söwdanyň ösmegine, ýeňilleşmegine, wagtyň we çykdajylaryň tygşytlanmagyna, işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky maglumat dolanyşygynyň çaltlanmagyna hem-de ýönekeýleşmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri diňe bir döwlet we işewürlik düzümleri üçin uly bähbitleri hödürlemän, eýsem, adaty adamlaryň durmuş we iş şertlerini ýeňilleşdirmäge hem kömek edýär. Gündelik durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýan elektron tölegler, onlaýn söwda, internet mahabatlandyrmasy, uzak aralykdan okuwlar, internet sergileri we beýlekiler sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbirleridir. Olar biziň gymmatly wagtymyzyň we serişdelerimiziň tygşytlanmagy, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegi, kagyz resminamalaryň we maglumatlaryň elektron görnüşde saklanmagy ýaly amatlyklary döredýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgerişlikler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar. Ykdysadyýete innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ornaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň çig mal, ylmy-tehniki we zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.