Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy ähmiýet berilýän ugurlaryň biri-de sanly ykdysadyýete geçmeklikdir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýagny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady döredildi.
Sanly maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen kärhananyň dürli bölekleriniň arasyndaky aragatnaşyk has takyk sazlanyp, guramaçylyk ýokarlanýar, tygşytlylyk artýar. Şonuň netijesinde hem diýseň gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, şol bir wagtda-da olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar. Sanly ulgama geçmek diňe bir önümçilik babatda däl-de, ykdysadyýetimiziň islendik ugruny alanyňda-da diňe öňe ilerlemekdir.
Ýurdumyzyň ykdysadyýeti häzirki döwürde uly ösüşe eýe. Täze senagat pudaklarynyň döredilmeginiň, dürli maksada gönükdirilen möhüm binalaryň hem-de desgalaryň gurulmagynyň netijesinde bu ösüş gerimini has-da giňeldýär. Önümçiligiň ösüş depgini hem birsyhly ýokarlanýar. Bu bolsa gysga döwrüň içinde sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletimizde ähli zerur ykdysady şertleriň bardygynyň nyşanydyr. Bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylýandygy bolsa buýsandyryjydyr.
Rüstem SÄHETTAGANOW,
Balkanabat şäher salgyt bölüminiň uly salgyt inspektory.