Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

Uly ruhubelentlik bilen gadam basan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirip, döwlet durmuşyna degişli wajyp wezipeleriň ençemesi bilen birlikde, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipelerini, ösüşiň ugurlaryny hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny anyk kesgitläp berdi. Olaryň ählisi türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge hem-de ony kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ösüşleriň täze tapgyryna ynamly ädimiň ädilendigini alamatlandyrdy, ýagny otuz ýyly nazarlaýan bu strategiýanyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmegiň netijeli ýollarynyň birine öwrüljekdigine ynamy has-da artdyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda hem-de maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, döwrebap infrastrukturany döretmek, institusional gurşawy emele getirmek, sanly tehnologiýalar bilen işlemek medeniýetini ösdürmek, işgärler kuwwatyny güýçlendirmek zerurdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýet boýunça okuwlar gurnalýar we geçirilýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet bilen bagly meseleler dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi we dünýä jemgyýetçiliginiň sanly tehnologiýalara köpçülikleýin geçilmegi bilen düşündirilýär. Bu ýagdaý sanly, köplenç halatda bolsa, elektron ykdysadyýet diýlip atlandyrylýan ykdysadyýetiň düýp mazmunynyň iki sany aýratynlykdan ybarat bolup durýandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär: birinjiden, ýurduň hakyky hojalyk ulgamyndan tapawutlylykda oňa wirtuallyk mahsusdyr, ýagny ol internet giňişlikden daşary hereket edip bilmeýär. Bu häsiýetli aýratynlyk ondan peýdalanyjylar üçin birnäçe oňaýlyklary döredýändigi bilen özüneçekijidir. Ýagny, ol maglumaty alyş-çalyş etmegiň, şertnama baglaşmagyň we özara hasaplaşyklary geçirmegiň tizligini artdyrýar, wagty tygşytlaýar, subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär. Ikinjiden, sanly ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýalara we telekommunikasiýa hyzmatlaryna bolan garaşlylygy örän ýokarydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde sanly ulgamyň näderejede möhüm bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze şertlerde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna we sanly özgertmeleriň giň möçberde amala aşyrylmagyna itergi berer. Häzirki döwürde ulanylýan sanly innowasiýa tehnologiýalary ösüşiň täze tapgyryna geçmek üçin biziň döwletimizde berk maddy binýadyň bardygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek strategiýasynyň çäklerinde sanly hyzmatlaryň bazarynyň gerimini giňeltmek işine hem uly ähmiýet berilýär. Ýakyn geljekde durmuş hakykatymyzyň bir bölegine öwrüljek bu hyzmatlaryň, ilkinji nobatda, müşderiler üçin döredýän amatlyklary barada durlup geçilmegi sanly hyzmatlaryň bähbitli taraplary baradaky düşünjelerimizi giňeltmek, olar babatynda dünýägaraýşymyzy özgertmek nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Jennet ORAZMYRADOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.