Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ykdysadyýetimize sanly ulgamy doly ornaşdyrmaga, ösdürmäge aýratyn üns berýär. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýet örän çylşyrymly we ähli zady öz içine alýan gural hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, seýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär.
Sanly ykdysadyýet düşünjesi giňden ulanylýar we soňky döwürde bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ugra öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmak netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklar ulgamyna sanly ykdysadyýet diýilýär. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda (online) hödürlenilmegi olaryň elýeterliligini hem ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar.
Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak-möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýanyň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Sanly ykdysadyýet durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady ösüşi emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz önünde tutulýar.
Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar.
Sanly ykdysadyýet harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň ähli ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar. Munuň özi ýurdumyzda bazar şertlerinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar, netijede bolsa, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Jennet SAPAROWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.