Sanly ykdysadyýet — kämil ösüşiň binýady

Ýurdumyzda sanly ulgamyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini barha ýokarlandyrýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi eziz Watanymyzyň pajarlap ösýän döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçiligiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, ýokary tizlikli internet-aragatnaşyk hyzmatlarynyň artmagyna getirýär. Sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyzda bu ulgam dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda islendik raýatyň howa we demir ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, dürli hyzmatlary öýden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçilikleri bar. Teleradioýaýlymlaryň, metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň ählisinden internet arkaly peýdalanmak bolýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi önümçiligiň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň ähli ugurlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, işewürlere, raýatlara döwlet hyzmatlaryndan ýeňil hem-de elýeterli peýdalanmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegine-de öz täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet innowasion tehnologiýalaryň esasynda guralan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagynyň, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykmagynyň, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Ol harytlaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili, sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynda internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ony ulanyjylaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Bu bolsa ykdysady ösüşe itergi berýän güýç hasaplanyp, onuň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny barha pugtalanýar.  

                                                                   

Sanly ulgama geçilmegi milli ykdysadyýetde täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini tizleşdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýan sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda birnäçe kanunlar kabul edilýär. Ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl-de, eýsem geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Önümçilige ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, täze mümkinçilikleriň peýda bolmagyna getirýär. Ýurdumyzda raýatlaryň her biriniň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagyna ähli şertleri döredýär. 

                                                                                                           

Saparmyrat HALBAÝEW,

                       

Görogly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi