Sanly ykdysadyýet — eşretli durmuş (Ýaş žurnalistiň sözi)

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň kosmos tizligine beslenýän häzirki döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň ygtybarly durmuş ulgamydyr. Şu jähetden, dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň arasynda arzyly orna eýe bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak işi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa uly üstünliklere beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sanly ulgamyň konseptual resminamasynyň we Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiliginiň berk binýadynyň goýulmagyna we senagat-innowasion ykdysadyýete geçmäge täze mümkinçilikleri açýar. Öz nobatynda, kuwwatly döwletimizde amal edilen şeýle sanly özgertmeleriň netijesinde önümçiligiň ähli ugurlaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretdi.

Sanly ulgam babatda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işler Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynda hem özüniň ajaýyp beýanyny tapýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap, ähli amatlyklara eýe bolan «akylly» öýleriň yzygiderli gurulýandygyna güwä geçýär.

Bulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işleriň ümzügi ileri. Ol özgertmeler bolsa biziň we geljekki nesillerimiziň eşretli durmuşynyň hem-de röwşen ertirleriniň güwäsidir. Goý, durmuşymyza sanly ulgamy ornaşdyryp, bizi hözirli ýaşaýşyň eýesine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Mahym MUHAMMEDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.