Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.
Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzýän kuwwatly ykdysady binýada baglydyr. Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hemişe ýokary derejede saklamak zerur bolup durýar. Hut şoňa laýyklykda, bilimlere we innowasiýalara daýanýan hem-de ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetindäki özgertmeleri geçirmek alym Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä bazarynda ýokary bäsdeşlige eýe bolan harytlaryň dürli görnüşleriniň öndürilişi hem günsaýyn artýar. Ýagny innowasion kärhanalaryň ençemesi işe girizilýär hem-de şu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan uly serişdeler gönükdirilýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, esasan hem ylmy barlaglary köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, doly elektron resminama dolanyşygyna, sanly bilim bilen sanly ykdysadyýetiň utgaşyklykda elektron ulgamyna çalt depginde geçilmegine uly itergi berer. Türkmenistanda kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly aralyklaýyn maslahat we bilim bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna san infrastrukturasyny ösdürmek hem bu gün uly mümkinçiliklere eýe. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň wajyp böleginiň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýokarda ýatlanan mejlisinde milli Liderimiz häzirkizaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzakmöhletleýin geljegi nazara alyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtap geçdi.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň pugta kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kemala getirilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriň çäklerinde «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Her bir raýat öz öýünden çykman, sanly platformalaryň üsti bilen telekeçilik işini hem amala aşyryp bilýär. Çünki dünýäniň ilat sanynyň artmagynyň we dünýäde serişdeleriň ulanylyşynyň kämilleşmeginiň netijesinde elektron ykdysadyýet diňe bir elektron söwda we hyzmat telekeçiligi bilen çäklenmän, eýsem, saglygy goraýyş, bilim, internet-bank ýaly durmuşymyzyň her bir ulgamynda ýüze çykyp dur. Ýagny, jemgyýetiň yzygiderli ösmeginde sarp ediji tarapyndan hyzmatlary peýdalanmak mümkinçiligini ýeňilleşdirýän maglumat tehnologiýalary aýratyn ähmiýetlidir. Bu bolsa hyzmatlar ulgamynyň çäginiň önümçilik pudagyndan has hem ýokarlanmagyna getirdi. Häzirki döwürde internediň we maglumat ulgamlarynyň peýda bolmagy biziň durmuşymyzy, galyberse-de, ykdysadyýeti düýpgöter özgertdi, ösdürdi.
Beýleki ösen ýurtlarda bolşy ýaly, tehnologiýa infrastrukturasynyň ösmegi we uly maglumat binýatlarynyň ulanylmagy biziň jemgyýetimizde hem uly san öwrülişigine getirdi. Bu bolsa sanlaşmanyň öňki tapgyry millionlarça peýdalanyjylaryň internet ulgamyna mümkinçilikleri giňeltmek bilen häsiýetlendirilen bolsa, täze tapgyrda san hyzmatlarynyň giň ulgamlaryny kämilleşdirmegi işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Dünýäniň islendik kuwwatly döwletini alyp görsek-de, ykdysady ösüşde ýokary sepgide innowasiýa-tehnologik ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde ýetýändigi görünýär. Kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bir bitewi internet toruny döwrebap hilde kemala getirmek arkaly sanly ykdysadyýete geçmek döwletiň düzüm birliklerinde, işewürlik düzümlerinde, jemgyýetçilik bileleşiklerinde, şeýle-de ýurdumyzyň çet sebitlerinde sanly ykdysadyýetiň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak çäreleri uly depgin bilen işjeň alnyp barylýar. Bu tehnologiýalar eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň hiline we mazmunyna döwrebaplyk häsiýetini çaýýar. Innowasiýalar önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, ykdysady iş bilen meşgullanýan düzümlerde dürs hasabatlylygy ýola goýmaga, esasanam, önümçilikleriň düşewüntli işlemegine gözegçiligi ýokarlandyrmaga oňaýly şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, ilatyň gündelik durmuşda peýdalanýan maglumat meýilnamalarynyň hil-howpsuzlygynyň kepillendirilmegini, elektron pul geçirimleriň ygtybarly hem howpsuz amala aşyrylmagyny üpjün edýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ösüşiň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýet ählumumy durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge, şonuň netijesinde hem döwlet portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmäge, ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Zamira BABANAZAROWA,
Lebap welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.