Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, gözel Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär. Rowaçlygyň, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ylym we tehnika, tehnologiýa babatdaky ösüşleri bilen deň gadam basýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýan häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar muňa doly güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky zerur çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň» Maksatnamasyna laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap sanly we innowasion tehnologiýalary, halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy sazlaşykly işleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şert döredýär. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýet önümçiligiň täze usullaryny, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine getirýär. Halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygary ýörelge edinen durmuş syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç, belent başy aman bolsun!
Berdimyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.