Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek möhüm mesele bolup durýar.
Ýadyňyzda bolsa, wajyp maksatdan ugur alnyp, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna, ösdürilmegine ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady boldy. Degişli hukuk namasyna laýyklykda, iňňän möhüm ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlaryň döredilendigini hem-de yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Şeýlelikde, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen, özüniň has amatlylygyny we netijeliligini gysga wagtyň dowamynda aýdyň görkezjekdigi hemmämize mälimdir.
Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet häkimiýet edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiler tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde amala aşyrylmagynyň esasy kadalary anyk beýan edilýär. Sanly hyzmatlar wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga hem amatly şertleri döredýär.
Bir hakykat bar: ykdysadyýet hem, tehnika hem, dolandyryş hem, umumy durmuş hem bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Sanly maglumat ulgamlarynyň geriminiň giňeýän döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýet bilen bagly kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly kämilleşdirmegiň näderejede zerurlygy öz-özünden düşnüklidir.
Umuman, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde ösýän döwletleriň hatarynda öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder. Hut şonuň üçin-de, bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar.
Muhammetguly HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň müdiri, maýor.