Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ösüşiň aýdyň ýollarynda belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejede bolmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokary depginde ösýändiginiň anyk subutnamasydyr.
Sanly we häzirki zamanyň ösen aragatnaşyk tehnologiýalary adamzadyň gündelik durmuşyna çalt depgin bilen aralaşýar. Bu tehnologiýalar dürli ulgamlaryň, pudaklaryň özara baglanyşygyny üpjün edip, bir maksada gönükdirýär. Ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwründe milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygy, zähmet öndürijiliginiň derejesi ýokarlanýar.
Ösüşlere, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslenýän Garaşsyz Watanymyzda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ykdysady we durmuş ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan sanly özgertmeler ilkinji nobatda pudaklar boýunça döwlet dolandyrylyşyna öz täsirini ýetirýär. Sanly tehnologiýalar raýatlar üçin durmuş ýeňillikleriniň, döwlet üçin ygtybarly ösüşiň kepilidir. Resminamalar dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, dolandyryş bilen bagly çykdajylaryň azalmagy we pudagara maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi sanly ulgamyň döredýän çäksiz mümkinçilikleridir. Sanly ulgam arkaly raýatlara durmuş hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ilatyň abadan durmuş derejesine oňyn täsir edýär. Sanly ulgamyň ähmiýeti «döwlet-raýat» gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmekde we olaryň çalt iş ýüzüne geçirilýändiginde ýüze çykýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Şeýle bagtyýar zamany, abadan, parahat Diýary halkyna peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Jumamyrat JUMAÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň Daşoguz demirýollary gümrük nokadynyň gözegçisi, maýor.