Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamy hem barha kämilleşýär. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Karz edaralary öz işinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurduň islendik künjeginde döwrebap bank hyzmatlarynyň raýatlarymyza elýeterli bolmagyny gazanýarlar. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şolar bilen baglylykda, bank kartlarynyň dürli görnüşleri müşderilere ýetirilýär.
Bank kartlarynyň hatarynda «Goýum» bank karty raýatlaryň arasynda köp islegden peýdalanýar. Eýsem-de, bu bank kartynyň nähili aýratynlyklary bar?
«Goýum» bank karty ýurdumyzyň «Altyn asyr» milli kartly töleg ulgamyna degişli bolup, beýleki bank kartlaryndan esasy aýratynlygy bu karta islendik möçberde nagt pul serişdelerini goýup bolýandygyndadyr. Ýurdumyzyň islendik raýaty bank karty arkaly kabul edilýän goýum hasabyna öz erkin pul serişdelerini ýerleşdirip, ýyllyk 6,8 göterim derejesinde girdeji gazanyp bilýär. Beýleki goýumlardan tapawutlylykda, «Goýum» bank karty bilen müşderi öz serişdelerini islendik wagt yzyna alyp bilýär we oňa garamazdan, göterim girdejisini ýitirmeýär. Ýagny müşderiniň bank kartyndan pul serişdeleriniň alnan senesine çenli göterim girdejisi goýumyň möçberine laýyklykda hasaplanylýar we goýumyň üstüne goşulyp berilýär. Şeýlelikde, ildeşlerimiz öz wagtlaýyn peýdalanylmaýan pul serişdelerini elmydama elýeterli we ygtybarly saklap, olardan ýerlikli peýdalanyp bilýärler.
Bu bank kartyny almak üçin raýat pasporty bilen bankymyzyň islendik şahamçasyna ýüz tutup, ony açdyryp bilýär. Onlaýn hyzmatlardan peýdalanmagy endik edinen raýatlarymyza bolsa bankymyzyň Onlaýn-ýüzlenme hyzmatyny hödürleýäris. Banka barmazdan bank kartyny açdyrmak üçin www.halkbank.gov.tm internet salgysyna geçip, «Onlaýn-ýüzlenme» bölümçesinden «Täze kart almak üçin ýüzlenme» setirini saýlamaly. Açylan sahypada soralýan maglumatlary girizmeli we täze alynjak kart üçin onlaýn görnüşinde tölegi geçirmeli. Soňra bank işgäri ýüz tutan raýat bilen telefon arkaly habarlaşýar, ýüztutmanyň kabul edilendigini tassyklaýar we «Goýum» bank kartynyň takmynan taýýar boljak senesini habar berýär.
«Goýum» bank kartyna pul serişdelerini goýmak barada aýdylanda, kart hasabyna nagt pul serişdeleriniň möhletsiz kabul edilýändigini bellemek gerek. Pul serişdelerini karta goýmak üçin pasport, kartyň rekwizitleri we goýuljak pul serişdeleri bilen banka ýüz tutmak ýeterlik. Şeýle-de müşderiniň kart hasabyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesiniň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar, ýagny raýat islendik wagt we islendik möçberde pul serişdelerini bu bank kartyna goýup bilýär. Eger-de zerurlyk ýüze çyksa, goýumdan bölekleýin pul serişdelerini alyp hem bolýar. Şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimlerini müşderiniň islegine görä almaga rugsat berilýär. Müşderi «Goýum» bank kartynyň üsti bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda gurnalan töleg terminallary bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, şeýle-de onlaýn tölegleri geçirip bilýär. Ildeşlerimiz islendik wagt arzasy esasynda goýum hasabyna goýan pul serişdelerini nagt görnüşinde yzyna alyp bilýärler.
Nafisa ROZUMBAÝEWA,
Türkmenistanyň «Halkbank» PTB-niň Daşoguz şahamçasynyň hünärmeni.