Sanly ulgamyň sapasy

Sanly ulgam. Bu sözler häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap keşbiniň aňladylmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi we häzirki wagtda bu konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ýurt möçberinde alnyp barylýan möhüm işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşygy, ony wagyz etmegiň zerurlygy has-da aýdyň ýüze çykýar. Çünki sanly ulgamyň artykmaçlyklaryny halk köpçüligine düşündirmek bilen birlikde, ony eziz Watanymyzyň raýatlarynyň özleriniň gündelik ýaşaýyş-durmuşyna ornaşdyrmagynyň wajyplygyny äşgär etmek möhümdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň, täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň welaýatlarymyzda, etraplarymyzda, obalarymyzda sanly ulgama geçmek wezipesini işjeňleşdirmek barada berýän görkezmelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda oba ýerlerinde sanly ulgam bilen ýüzbe-ýüz bolýan oba adamlarynyň arasynda düşündiriş işlerine giň gerim berilýär.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmakda ösen tehnologiýany, innowasion çözgütleri giňden peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň maý aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, satyn alnan 600 sany täze tehnikalarda dolandyrmagyň sanly telematik ulgamy ornaşdyryldy. Pagta ýygymy möwsüminde ulanylan bu kombaýnlar sürüjiniň işini ýeňilleşdirdi. Kompýuter arkaly kombaýnyň iş ýagdaýy, onuň doly kuwwatynda işleýşi, pagtanyň ýygnalyşy, arassalanylyşy, nowa doluşy, ýangyjyň harçlanyşy aýnada ýaly görnüp dur. Şonuň bilen birlikde tehnikanyň işine, onuň ýerleşýän ýerine, iş wagtyndaky hereketine edara ediş binasyndan ýa-da telefon aragatnaşyk ulgamy bolan ýerinde ykjam telefonyň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Bu tehnikalar pagtaçy kärendeçileriň işini ilerletmek bilen pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda, göwnejaý, ýokary hilli geçirmäge ýardam etdi. Oba hojalyk tehnikalaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy daýhan dünýäsini doly özgertdi, oňa sanly ulgamyň artykmaçlyklaryny aýan etdi.

Arkadag Prezidentimiziň maldarçylyga sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky syýasaty bu pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar we köp amatlyklary döredýär. Maldarçylyk bilen bagly edaralaryň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygy ýola goýlup, resminamalar bilen işleşmek elektron görnüşe geçirildi. Hojalyga iň ýokary ösen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde girdeji has-da artýar. Mallaryň tohum genetikasy kesgitlenilýär, önümçiligiň gidişine anyk we dogry baha berilýär, önüm öndürmegiň meýilnamasy işlenilip düzülýär, bäsdeşlige ukyply önümler, ýagny hil taýdan ýokary önümler öndürilýär, ykdysady ösüşi seljermek tejribesi ýola goýulýar. Şeýle hem wagty tygşytlap, işiň talabalaýyk guralyşy maglumatlar esasynda elektron gurallar arkaly amala aşyrylýar. Şunda bolsa hünärmenleriň kämilligi ýörite okuw sapaklary bilen berkidilýär. Obasenagat toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň ählisi-de iň bir ýokary innowasion tehnologiýalara daýanýar. Şeýlelikde, kärhanalaryň girdeji-gaznasy artyp, öz gezeginde önümçiligi giňeltmäge mümkinçilik berýär. Hil taýdan örän ýokary bolan önümler bu kärhanalardan dünýä bazaryna tarap ýol çekýär. Şundan belli bolşy ýaly, sanly ykdysady ösüş döwrebap maglumat kommunikasiýa infrastrukturalaryň döredilmegi bilen aýratyn häsiýete eýedir.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan maýa goýumlar goýmak we pul karz bermek işi merkezleşdirilen elektron ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Telekeçileriň, hususy kärhanalaryň işi ýeňilleşdirilen elektron ulgamy arkaly çalt we öz wagtynda ýola goýulýar. Häzirki wagtda daýhanlaryň we kärendeçileriň arasynda maglumat ulgamynyň ýaýrawy barha giňeýär. Oba hojalygyna, obasenagat toplumyna ornaşdyrylýan täzelikler, ýetilen sepgitler ýurdumyzyň kärendeçilerine, mülkdarlaryna işi täzeçe guramagyň, topraga bolan döwrebap gatnaşygyň, ylmy-önümçiligiň täze usullarynyň we çözgütleriniň, ýerden bol hasyl almagyň baý tejribesini toplamagyň ýollaryny salgy berýär. Innowasion tehnologiýalaryň täze ýüze çykmalaryndan habarly bolmak we önümçilige ornaşdyrmak, şeýlelikde, olary ylmy taýdan içgin öwrenmek önümçiligi, ekerançylygy, maldarçylygy sanly tehnologiýalar esasynda ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp düzmäge hyjuwlandyrýar. Bu bolsa ösen ýokary derejeli sanly ulgam esasynda ykdysady ulgamyň giň toruny emele getirmeklige goşulyşmaklygyň bitewüleşdirilen güýjüni döretmegiň önümçilik kuwwatyny emele getirer.

Medeniýet ulgamynyň sanly ykdysadyýeti wagyz etmeginiň, mahabatlandyrmagynyň barşynda, ýurdumyzyň teleradioýaýlymlary oba ýerlerindäki dürli önümçilik iş görnüşlerini ýaýlym arkaly halka ýetirýärler.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obalarynda gurlan dürli önümçilik kärhanalary öz önümlerini sanly ulgam arkaly müşderilere ýetirmegiň çalt we çykdajysyz usulyna eýe bolýar. Sanly gurşaw arkaly harytlar we hyzmatlar ählumumy bazarlara dessin çykmak bilen, daşary ýurtlardaky sarp edijilere elýeterli edilýär. Sanly ulgamyň geljegi bu innowasion tehnologiýaly ösüşi ýaş neslimiziň doly özleşdirmegi bilen baglydyr. Milli Liderimiz ýurdumyzyň mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegini, özi-de birinji synpdan başlap, her bir körpe okuwçynyň kompýuteriň başyna geçmegini, elektron tagtalardan peýdalanmagyny ýola goýdy. Şeýlelikde, sanly ulgamy özleşdirip bilýän ýaş hünärmenler eýýäm orta mekdeplerde kemala getirilýär.

Oba hojalygynda döwrebap ösüşiň sanly ulgam esasynda alnyp barylýanlygyny diňe bir şu mysalda hem görmek bolýar. Oba ýerlerinde gurulýan ýyladyşhanalarda daýhanlar bakja ekinleriniň ösüşine, boý alşyna, hasyl toplaýşyna ýörite abzallardan gözegçilik edýärler. Ekini iýmitlendirmekde, suwarmakda, hasylyň bişip ýetişişini anyklamakda, topragyň düzümini barlamakda ýörite awtomatik enjamlardan peýdalanýarlar. Ekerançylygyň awtomatlaşdyrylmagy daýhanlary sanly ulgam esasynda işlemäge has-da höweslendirýär. Olar şeýle netijeli işiň ylmy-awtomatik usulyny uly gyzyklanma bilen okap öwrenýärler we özleşdirýärler. Çylşyrymly tehnikalara we tehnologiýalara erk etmek endigi daýhanlarda häzirki zaman oba hojalygyny ýöretmegiň ylmy dünýäsine çuňňur aralaşmagyna mümkinçilik berýär.

Arkadag Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan kärendeçilerdir mülkdarlar, telekeçiler häzirki wagtda ekerançylygyň innowasion tehnologiýasy bilen birlikde onuň elektron maglumatlar ulgamyny hem özleşdirýärler. «Takyk ekerançylygyň» tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, «akylly ýyladyşhanalar» sanly ulgam arkaly girdejili işleýärler, bu ugurda çykdajylar ep-esli azalýar. «Akylly maldarçylykda» hem awtomatik enjamlar ulanylyp, olar mallaryň saklanylyşyna doly gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlardaky ykdysady özgertmeleri sanly ulgam arkaly täze, döwrebap ösüşe eýe etmek möhüm ähmiýete eýedir. Bagtyýar halkymyzy şeýle beýik gülleýişli ösüşlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Süleýman ILAMANOW,

«Edebiýat we sungat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22961