Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.  

                                                                   

Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tejribeli milli we halkara bilermenlerini işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ýeke-täk sanly ulgama birikdirmek, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanly ulgama geçmegi bilen bagly işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde oňa sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridir. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur. Bazaryň barha artýan talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. 

                                                                   

Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi diňe bir içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şeýle hem, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döredilen kärhanalaryň sanynyň artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň gowulanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda şeýle kärhanalar, önümçilikler, düzümler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak wezipeleri öň hatarlara çykýar. Şonuň üçin býujet ulgamynda sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, ýagny, «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary», «maliýe işlerini awtomatlaşdyrmak — meýilnamalaşdyryş we hasabatlylyk ulgamlary» ýaly ugurlary kämilleşdirmek esasy wezipeler hökmünde öňe çykýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                                                           

Daýanç ANNADURDYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.