Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde hukuk, ykdysady, durmuş we söwda gatnaşyklarynda ählitaraplaýyn ýeňillikler döreýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilýär we bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy esasynda sanly ulgamy döretmek, ýaýratmak, giňden ulanmak, peýdalanyjylaryň hukuklaryny goramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Aragatnaşyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Şol kanunçylyk namalarynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda islendik kanuny usullar arkaly maglumatlary gözlemek, almak, ýygnamak, ulanmak erkinligi, maglumatlara rugsady çäklendirmegiň diňe kanun arkaly bellenilmegi hakyndaky kadalar kesgitlenilendir. Şeýle-de, döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi baradaky maglumatlaryň açyklygy, maglumatlaryň hakykylygy we öz wagtynda berilmegi, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, özüniň razylygy bolmazdan, raýatyň şahsy durmuşy hakynda maglumaty ýaýratmaga ýol bermezlik ýaly ýörelgeler bu ugurdaky kanunlarda öz beýanyny tapýar.

Ulag we aragatnaşyk pudaklarynda giňden ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri çäksizdir. Bu bolsa her bir adamyň gündelik durmuşynda ulanýan AŞTU şahsy otag, TMCELL töleg ýaly internet saýtlary arkaly telefon, IP telewizor tölegleri, şonuň ýaly-da ýaşaýyş jaý, ýylylyk, elektrik energiýasy, suw we önümçilik, jemagat hyzmatlary boýunça tölegleri, dükanlardan satyn alnan harytlaryň bahasynyň «Altyn asyr», «Owerdraft», «Visa», «Goýum», «Maşgala» kartlarynyň üsti bilen tölenilmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýol-ulag serişdeleriniň peýdalanylmagy üçin nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilmegi, dürli görnüşdäki bank hyzmatlarynyň hödürlenmegi, demir ýol we howa ýollarynyň gatnawlary boýunça ýol petekleriniň internet saýtlarynyň üsti bilen satyn alynmagy ýa-da ýerleriň bron edilmegi giňden ýola goýlandyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän gazetdir žurnallaryň okyjylara has-da amatly we elýeterli bolmagy üçin «Türkmenmetbugat» internet saýtynyň işlemegi, her bir adamyň ýaşaýyş şertleriniň has-da ýeňilleşmegine uly itergi berdi. Milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň kämil bilim almagy üçin döreden mümkinçilikleri esasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplara diňe degişli okuw bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde «Talyp karzy» atly 8 göterimli 3 ýyl möhletli karzyň hödürlenilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sanly ulgamy ösdürmek babatda alnyp barylýan işlerde döwletimiziň prokuratura edaralary hem özüniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan işe girizilen «www.bp.gov.tm» domen atly web saýty boýunça ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň ýerleşýän salgylary, habarlaşmak üçin telefon, faks belgileri barada maglumatlary bermek bilen bir hatarda, hereket edýän kanunlar, ýurdumyzda gündelik bolup geçýän syýasy wakalar, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gazetdir žurnallarda çap edilýän makalalary giňişleýin beýan edilýär.

Resminamalar dolanyşygy işi boýunça hatlary, maglumatlary we habarlary alyş-çalyş etmekde prokuratura edaralarynyň ulgamynda döredilen aragatnaşyk tory hem esasy orny eýeleýär. Şeýle hem «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, prokuratura edaralary tarapyndan ýüztutmalara seretmegiň tertibi baradaky maglumatlar giňişleýin görkezilýär. Web saýtynyň üsti bilen elektron ýüztutma, telefon üsti bilen şahsy ýüztutma, prokuratura edaralarynyň kabulhanalarynda ýolbaşçylar we işgärler tarapyndan raýatlary şahsy kabul etmegiň tertibi baradaky maglumatlar hem girizilendir. Mundan başga-da, internet saýtynda prokuratura edaralary beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen özara sazlaşykly işläp, raýat gatnaşyklarynda ýüze çykýan meseleleri çözmek, bozulan hukuklary dikeltmek, döwletiň we raýatyň bähbitlerini goramak, hukuk düşünjeliligi ösdürmek boýunça sorag-jogap sahypasy hem ýerleşdirilendir. Bu sahypada zähmet, maşgala, raýat we jenaýat gatnaşyklary çygrynda ýüze çykýan meseleler boýunça hukuk maslahatlary hem göz öňünde tutulandyr.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen prokuratura edaralarynda her bir işgäriň ýerine ýetirýän işlerinde, fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalaryna kanun esasynda doly we dogry seredilmeginde, hukuk düşünjeliligini artdyrmakda giň mümkinçilikler we elýeterli maglumatlar ýola goýuldy. Biz, prokuratura edaralarynyň işgärleri hem döredilýän ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, özümiziň arassa, halal zähmetimiz bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine şahsy goşandymyzy goşup, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys.

Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulhesel BERDIÝEWA

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34467