Ýurdumyzyň sanly ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň esasy strategiki wezipeleriniň biri häzirki zaman täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu ulgamyň işini has-da ilerletmekden ybarat bolup durýar. Sanly ulgam häzirki zaman ykdysady ösüşiniň täze düzüm bölegi bolmak bilen, onuň tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy jemgyýetiň maglumatlary peýdalanmakdaky hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Häzirki wagtda innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ykdysady tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, sanly ulgam durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamyny döretmek bilen, internetiň giň mümkinçiliklerine hem daýanýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi, maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga-da oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde maglumat tehnologiýalaryndan üstünlikli peýdalanmagyň durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzy gülläp ösdürmegiň binýadyny üpjün edýändigini belleýär.
Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy, elektron işewürligi we elektron söwda ýaly ugurlaryň işiniň berjaý edilmegi zerur bolup durýar. Bu önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda çykdajylary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam edýär. Ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan innowasion tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy bilen, sanly ulgam milli ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga-da mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda giňden ulanmak üçin birnäçe onlaýn hyzmatlar döredilendir. Internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen, sanly ulgamyň kämilleşmegi netijesinde olar üçin köp mümkinçilikler döredilýär, täze we peýdaly programma üpjünçilikler, web saýtlar taýýarlanylýar. Bularyň kömegi bilen, bildiriş goşmak arkaly haryt satmak, satyn almak, habarlary okamak, töleg tölemek ýaly birnäçe işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik açylýar.
Umuman aýdanymyzda, sanly ulgam hakyky wagt ölçeginde gözegçilik, dolandyryş tehnologiýalaryny birleşdirmek we maglumatlaryň üznüksiz toplanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda dogry netijeleri hem-de çözgütleri kabul etmäge giň şert döredýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýan sanly ulgamyň ösmegine yzygiderli ýardam edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Atajuma KAKAÝEW,
maýor.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34359