Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň:
«Biz, ilki bilen, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmaly we taýýarlamaly. Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlaşdyrmaly» diýip nygtamagy doly tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Ähli mekdepler kompýuter bilen doly üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy bilimiň döwrebap ösüşini kesgitlemekde ileri tutulýan ugurlary berkidýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, täze bilim portallaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ähli amatlyklary, mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesi artar. Bu bolsa türkmen ylmynyň has-da ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar.

Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Begsoltan MÄMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35940