Sanly ulgam

Häzirki döwürde Diýarymyzda durmuş-ykdysady ulgamyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ähli ulgamlaryň  maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuwyň interaktiw usulda geçilmegi dersiň gyzykly  bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine, şol bir wagtyň özünde,   ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär.  

                                                                   

Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň sanly ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion we şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler orta çykýar.  

                                                                   

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy.  

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ulgamy doly ornaşdyrmak maksady bilen, kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda döwrebap şähergurluşyk tejribesi esasynda ähli amatlyklara eýe bolan «akylly» öýler yzygiderli gurulýar. Arkadag şäheriniň tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasynda gurlandygynyň özi eýýäm uly ösüşleriň subutnamasydyr. 

                                                                   

Häzirki taryhy döwürde ylmy ösdürmek arkaly onuň hilini täze, has ýokary sepgitlere çykarmak ýurduň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermekde zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär. Bu ugurda degişli Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi. Diýarymyzyň ylym ulgamyny ösdürmegiň esasy nukdaýnazarlarynyň arasynda ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, şol bir wagtda, bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.  

                                                                   

Adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Aýbölek NURSÄHEDOWA,

                       

Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.