Sanly ulgam — sansyz mümkinçiliklere ýol

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzda, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyzdan soň, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlanyldy. Şunuň bilen birlikde, maglumat alyş-çalşygynyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Sanly ulgama geçmek işleri Ýaragly Güýçlerimizde-de giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzyň harby ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy uly göwrümli maglumatlar bilen işlemegiň aňsatlaşmagyna, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wezipeleriň tiz ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda elektron resminamalaryna alyş-çalşy girizmek we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň müdirlikleriniň arasynda elektron maglumatlary alyşmak üçin gerekli çäreler görüldi. Bu maksatlara görä, ulgamda iň gowy dünýä tejribesi özleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ählisi işjeň gatnaşýar. Şeýlelikde, dürli gulluk wezipelerini ýerine ýetirmegi aňsatlaşdyrýan programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylýar. Sanly ulgam harby gullukçylara maglumatlaryň uly göwrümini seljermäge kömek edýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçýän çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylaryň ählisi baradaky maglumatlary jemläp, ygtybarly saklamaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiligi döredildi. Onda harby gullukçylaryň maşgala ýagdaýy, bilimi, ýaşy we beýleki şahsy maglumatlary degişli serkerdelere mydama elýeterlidir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde tehnologiýanyň ösýändigine, sanly ulgamyň kämilleşýändigine «Milli goşun» žurnalynyň adybir web-saýty hem gönüden-göni şaýatlyk edýär. Internet ulanyjylar žurnalyň www.milligosun.gov.tm salgyly web-saýtyna ýüzlenip, harby gulluk we harby durmuş bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapýarlar. Elbetde, bu gazanylan üstünlikler we ýeňişler ösen aňyýetiň miweleridir. Jemgyýetiň maglumatlaşýan we sanly ulgama geçýän şertlerinde durmuşyň ähli ugurlarynda akyl zähmetiniň paýy artýar.

Watanymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak ylym-bilimden gory ýetik hünärmenlere — harby gullukçylara baglydyr. Şol jähetden, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Harby-deňiz institutynyň we Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň öz içerki sanly bilim portaly döredilip, harby talyplaryň we okuwçylaryň döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Mundan başga-da, harby talyplar elektron kitaphananyň kömegi bilen okuw kitaplary we gollanmalary, derslere degişli edebiýatlary gönüden-göni hiç ýere barmazdan tapyp bilýärler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwür bilen aýakdaş kämilleşýän okuw mekdepleriniň binýadynda oýlap tapylýan täzeçillikler Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň pugtalanmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň iş ýüzüne geçirilmegine ýardam berýär.

Sanly ulgamyň eçilýän hözirinden lezzet alyp, täze üstünlikleriň gözleginde gezýän harby gullukçylarymyz özleri üçin edilýän aladalary her pursatda duýup ýaşaýarlar. Olar ýurdumyzyň harby ulgamynyň dünýäniň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarlar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bagtyýar NURLYÝEW,

maýor.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24694