Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde innowasion senagaty ösdürmek arkaly önümçiligiň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de sanly ulgama geçilmeginiň hasabyna ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçileri işewürligiň täze ugurlaryny, şol sanda önüm öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklarda hem-de ulag ulgamynda kämil tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen ugurlary işläp taýýarlaýarlar.
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna has-da işjeň goşulyşmagyna hem-de hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda şu maksatlar bilen sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.
Işewürligiň ýeten sepgitleri we geljekki ösüşleri her ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp geçirilýän pudaklaýyn serginiň meýdançalarynda has äşgär bolýar. Şu ýylyň martynda guralan sergide «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde birleşmäniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak çäresi möhüm ähmiýete eýe boldy. Alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň öňe ilerlemegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň mahabatyny ýetirmek we bu babatda amala aşyrylýan işler bilen daşary ýurt sarp edijilerini tanyşdyrmak, şeýle hem sanly ulgamyň kömegi arkaly ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bahalary, hili we beýleki görkezijileri baradaky maglumatlaryň ýerli sarp edijiler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekýär.
Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömek bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek meseleleri has-da ähmiýetli hasaplanylýar. Telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek işine işjeň goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçiliklere, ähli pudaklara sanly ulgamlary we tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Bu jähetden, ýerli telekeçiler amala aşyrýan giň möçberli işleri bilen daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsldeşlige ukyply önümçilikleri döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Bu giň gerimli iş diňe hususyýetçilik pudagy bilen çäklenmeýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýurduň azyk we ykdysady howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalyk toplumyny sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen özgertmek arkaly bu pudagyň ösüşiň täze hil derejesine çykmagyna, hasyllylygyň we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna şert döretmek, saglygy goraýyş ulgamynda elektron maglumatlary ulanmak arkaly hyzmatlary, şeýle hem keselleriň öňüni alyş çärelerini, telelukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we beýleki wezipeler bellenilendir. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hem-de dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda sanly tehnologiýalaryň möhüm orny bardyr.
Durmuş ösüşiniň tapgyrlarynda çaganyň saglygyny goramak, şeýle hem sanly we innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanan ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin göwnejaý şertleri döretmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabatda 670 orunlyk, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Olar saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem kadalara laýyklykda iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda we yzygiderli üpjün edilýär.
Sanly ulgam medeniýeti ösdürmekde hem barha giňden ulanylýar. Aýdym-sazly çykyşlar häzirki zaman enjamlarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilen bezeglere beslenýär. Bu bolsa baýramçylyk çäreleriniň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrülýär. Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň her biri halkymyzyň ruhy-ahlak baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Ýurdumyzda milli däpleriň we dessurlaryň kemala gelşiniň we medeni ösüşiň taryhy, milli medeni mirasy öwrenmek hem-de olary wagyz etmek boýunça geçirilýän işler dünýä bileleşigini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy hem-de gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda, baý milli medeniýetimizi äleme ýaýmakda aýratyn ähmiýetlidir.
«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda degişli işler durmuşa geçirilýär.
Bu maksatnama Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmäge, milli mirasy öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga hem-de täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklary ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.
Ylym döwletiň kuwwaty, jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen degişli çäreler görülýär. Ylmy işgärleri taýýarlamak üçin ýurdumyzda hereket edýän ylmy-barlag edaralary degişli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilýär. Şunda boýunça täze hünärleriň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranturasyna muzeý öwreniş, taryhy-medeni obýektleriň konserwasiýasy we dikeldilişi hünäriniň girizilmegini görkezip bolar.
Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler iňňän wajypdyr. Islendik milli taslamalaryň, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy kuwwatly işgärler binýadynyň, şol sanda dolandyryş ulgamyndaky hünärmenleriň bolmagyny göz öňünde tutýar. Sanly ykdysadyýetiň ýokary hünärli işgärleri talap edýändigi sebäpli, sanly ulgam babatda ösen ýurtlarda bar bolan öňdebaryjy tejribä daýanmak möhüm bolup durýar.
Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, mähriban halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38090