Sanly ulgam: nagt däl hasaplaşyklar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki zaman innowasion ösüşiniň önümi bolan sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy olaryň işiniň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak döwrebap ýola goýulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndaky «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, beýleki töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen bermek ýola goýuldy.

2013-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 87,3 müň bank karty hem-de 500-e golaý töleg terminaly bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýyna görä, olaryň sany degişlilikde, 4 459,8 müňe we 39,2 müňe ýetirildi, ýagny soňky sekiz ýylyň dowamynda degişlilikde, 51,1 esse hem-de 78,4 esse ösüş gazanyldy.

Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň depginini has-da ösdürmek üçin bu işlere yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar.

Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Overdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan kämil, döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleri barha artýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlary hereket edýär. Ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýoly peteklerini, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank» hem-de «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlardan peýdalanyp bilýär.

2018-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany degişlilikde, 333,3 we 1,0 müňden geçip, 2021-nji ýylyň degişli senesine çenli, «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 634,0 müňe, «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 28,4 müňe çenli ýetdi, ýagny degişlilikde, 1,9 esse we 28,4 esse ösüş gazanyldy.

Geçen ýylyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8,8 milliard manada ýetdi, bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,65 esse ýokarlandy.

2019-njy ýylyň 12 aýynda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen jemi hasaplaşyklaryň düzüminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 16 göterim bolan bolsa, 2020-nji ýylyň 12 aýynda bu görkeziji 34,4 göterime deň bolup, 2,16 esse artdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalyp geçilen Karary esasynda ýurdumyzda ornaşdyrylan döwrebap bank hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri 2013-nji ýylda 4226,00 müň manat bolan bolsa, 2020-nji ýylda 8 792616,00 müň manat möçberine ýetdi.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly bank önümlerini ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ornaşdyrylan «Halkbank terminal» hyzmaty döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan, nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda hyzmatlary ýerine ýetirmegi üçin döredilýän ýene bir mümkinçilikdir.

«Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnamak bilen, harytlardyr hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de bank karty arkaly galtaşyksyz usulda töleg geçirilýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda ornaşdyrylandygyna garamazdan, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary 1,3 million manatdan geçdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň karz edaralary nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň ähli karz edaralary müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberiniň 0,5 — 3% aralygynda yzyna gaýtaryp bermek, ýagny «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda «Cash back» bank hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, karz edaralarynda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyza döredilýän ýeňillikleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň ýene-de biri «Overdraft karzydyr».

Sanly karz hyzmaty bolan overdraft karzy nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda, bank bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, raýatyň «Overdraft karty» hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdesidir. Şunda müşderiniň aýlyk zähmet haky «Altyn asyr», «Millikart» bank kart hasabyna gelip gowşanda, bellenen tertipde karz we oňa hasaplanan göterim gaýtarylýar. Mundan başga-da, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, awtomatik usulda dikeldilýän «Overdraft karty» hasabyna karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany hem günsaýyn artýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň artmagy netijesinde, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, wagty we serişdeleri tygşytlamaga uly mümkinçilik döreýär. Bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini, dessinligini artdyrmakdan, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekden, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem milli manadymyzyň dolanyşygy kämilleşýär, pul dolanyşygynyň tizleşmegi netijesinde bolsa ykdysadyýetde täze önümçilikleriň artmagyna ýol açylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sanly bank hyzmatlarynyň artdyrylmagy, ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly täsirini ýetirýär.

Annamuhammet ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatlaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.