Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öz kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik howasy bilen gurşap aldy. Bu Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy, diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesini aýratyn bilesigelijilige atardy. Elbetde, özüniň her başlan işini «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda edilýän her bir iş, ilki bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar.
Daşary ýurtlar tarapyndan öndürilen öýjükli telefonlary elimize alyp, onuň mümkinçiliklerinden uly höwes bilen peýdalanyp başlanymyz ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa şeýle telefonlary özümiz öndürýäris. Diňe bir öýjükli telefonlar däl, eýsem, kompýuterler, sowadyjylar, telewizorlar ýaly gündelik durmuşymyzda iňňän zerur tehnologiýa enjamlary-da indi özümizde öndürilip başlanyldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Öňki el güýji bilen edilýän işleri kompýuterlerdir beýleki enjamlaryň düwmelerine basmak arkaly amala aşyrmak, bir tarapdan, işlenip goýlan meýilnama esasynda işiň birkemsiz ýerine ýetirilmegine kömek edýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, işiň aňsat usulda ýerine ýetirilmegi, bir ýerde zähmet çekýän adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem özara düşünişmek arkaly dowam etmegine mümkinçilik döredýär. Çünki adamyň işini kyn we fiziki agram berýän usullarda ýerine ýetirmegiň deregine, has tiz we aňsat usulda ýerine ýetirmegi, ony aşa ýadawlykdan halas edýär. Netijede, adamyň öz ruhy dünýäsine serenjam berip, daş-töweregindäki adamlar bilen ýakymly gatnaşykda bolmagyna esas döreýär. Bu bolsa sanlylaşdyrmak usulynyň diňe bir pudagy ýa haýsydyr bir edarany däl, eýsem, jemgyýeti hem kämilleşdirýändiginden aýdyň alamatdyr.
Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly elektron dolanyşygyna geçen pudaklaryň ilkinjileriniň hatarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň bolmagy, milli Liderimiziň il saglygy hakynda uly alada edýändigini ýene bir gezek tassyklady. Meselem, näsaglaryň şahsy maglumatlarynyň elektron karta toplanylmagy, lukmany artykmaç wagt sarp edip, gat-gat kagyzlary agdaryp oturmakdan dyndaran bolsa, näsagy gereksiz nobat döredip oturmazdan, derrew işini bitirip, beýleki näsaglara gezek bermäge mümkinçilik döretdi. Gysgaldyp alanyňda, 30-40 minutda bitjek iş ýagdaýynyň, artdyryp alanyňda 10 minutda bitip, lukmanyň öz iş wagtyny has-da netijeli ulanmagyna getirdi.
Saglygy goraýyş pudagynyň sanly ulgamyň netijesinde gazanan üstünlikleri başga-da az däl. Olaryň käbiri saglygy goraýyş işgärleriniň içerki işinde uly ýeňillikler döreden bolsa, köpüsi näsaglar bilen işleşmekde has peýdaly boldy.
Diňe bir saglygy goraýyş ulgamy däl, ylym-bilim, medeniýet, senagat, oba hojalyk, halk hojalygy, nebitgaz pudaklarynda hem esasy maksat, sanly dolanyşyga geçmek. Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim pudagy ýurduň süňňi-sütüni, halkyň aň-derejesiniň ölçegi. Biz diňe ylym-bilim pudagynda alnyp barylýan işlere seredenimizde hem, ata Watanymyzyň dünýä bilen deň gadam urýandygyna buýsançly ýagdaýda göz ýetirýäris. Özüňizem pikir edip göräýiň, ýaňy ak mekdebe gadam basan çaganyň eline alýan zady kitap bilen bir hatarda kompýuter enjamy bolýar. Özi-de, ol kompýuterler çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan uly guwanç bilen gowşurylýar. Hemme zadyň başlangyçdan kemal tapýandygyny aýdýan danalar mamla. Üns berip görseňiz, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bilim beriş edaralaryndan daşary ýurt olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, altyndyr kümüş medallara eýe bolýan okuwçylar barha artmak bilen. Bu buýsandyryjy ýagdaý, şol çagalaryň ak mekdebe baran günleri hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlyk kompýuterleriň gowşurylan pursadyndan gözbaş alyp gaýdýar. Ganaty berk biten guşuň belentlikleri nazarlaýşy ýaly, şat çagalaryň hem ümzükleri diňe öňe tarap.
Eger-de sanly ulgamyň döreden mümkinçilikleri bilen özgeren pudaklar hakda aýtmaly bolsa, biziň öz zähmet çekýän neşirýat ulgamymyzy hem aýtman geçmek bolmaz. Halkyň iň islegli neşir önümleri bolan gündelik, hepdelik gazetler, aýda bir gezek, iki-üç aýdan bir gezek çapdan çykýan žurnallar elektron görnüşe geçeli bäri, okyjylarymyz öz okamak isleýän gazet-žurnallaryny gözlemek aladasyndan ymykly dyndylar. Indi olara öz isleýän gazet-žurnallaryny okamak ýa ýükläp almak üçin neşirýat ulgamynyň metbugat.gov.tm saýtyna girmek ýeterlik. Okyjylar şol ýerden öz okamak isleýän neşirleriniň gerekli sanyny tapyp, okap bilýärler.
Sözümiziň başynda-da belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyz sanly ulgama geçmegiň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz pudak ýolbaşçylary bilen geçirýän iş maslahatlarynda döwrüň esasy talaby hökmünde sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak arkaly, ýerine ýetirilen işler bilen tanyşýar we bu babatda indiki edilmeli işler barada ýörite tabşyryklar berýär. Biz hem, ata Watanymyzy gülletmekde, ösdürmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde öz yhlasyny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
«Esger».