Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Muny hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyňlygy bilen görkezýär.
Bilim ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde milli we döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen multimedia tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribäni ulanmak arkaly orta, şeýle hem başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap okuw ulgamy kemala getirilýär. Döwrebap okuw ulgamynyň özeni bolup hem sanly ulgam öňe çykarylýar. Häzirki maglumatlar jemgyýetinde bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine, sanly bilim ulgamynyň doly özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda güýçli depginler bilen dowam edýän bilim özgertmeleri döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň, bagtyň we bagtyýarlygyň girewidir.
Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Bilim ýurduň binýadynyň berk bolmagynyň esasy şertidir, sütünidir. Ylmyň iň täze gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegi döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň iň ilkinji we esasy şertidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns gönükdirilmek bilen, ähli pudaklarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar beýik maksada — ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar» diýip, örän jaýdar belleýär.
Biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, akyl taýdan kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Güljemal NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.