Sanly ulgam durmuşymyzda

Şan-şöhrata beslenip, bitirilen ägirt uly işler bilen taryha giren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn şanly wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşler gazanyldy. Bu döwürde bellenen maksatnamalary ýerine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Geçen ýylyň ahyrynda, has takygy, 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti ösdürmegiň tassyklanan döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine ünsi çekip, gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylandygyny belledi.

Ýurdumyzda batly depginler bilen ösdürilýän sanly ulgamda, milli ykdysadyýetimizde ýerine ýetirilýän wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenilen tertipde alnyp barylýar. Elektron senagatyň güýçli ösýän häzirki döwründe sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek döwür bilen aýakdaş gitmegiň, ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2022-nji ýyl hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan toplumlaýyn milli Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde möhüm tapgyr bolar.

Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýnur TUWAKOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.