Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.

Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bir tarapdan ýol we beýleki harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda bank edaralarynyň durnukly hereket etmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmagynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.Şol sebäpden ýurdumyzyň karz edaralary özleriniň müşderilerine internet arkaly menzilara döwrebap sanly bank hyzmatlaryny, ýagny raýatlara hödürlenýän karzlary sanly ulgam arkaly resmileşdirmek bilen ýeňillikleri döretmek ugrunda işler alyp barýar hem-de hödürlenýän bank hyzmatlary babatynda yzygiderli esasda mahabat işleri ilat köpçüligine ýetirilýär. Döredilýän bu amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa, ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna şert döredýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşmeli. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer» diýip belleýär.

Ýurdumyzyň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bilim alýan talyp ýaşlara özleriniň saýlap alan hünärleri boýunça birnäçe okuw derslerinden ylym berilýär. Olaryň okuw meýilnamalaryna mähriban Arkadagymyzyň kabul eden degişli Kararlaryndan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sanly ulgamy öwretmek maksady bilen, Sanly ykdysadyýet dersi girizildi. Bularyň ählisi ýaşlaryň maliýe başarnyklaryna hem-de ykdysady gatnaşyklardan netijeli baş çykaryp bilmeklerine ýardam edýär.

Sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň Konsepsiýalary we Maksatnamalary halk hojalyk toplumyny ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň hataryna çykarýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun!

Maral MERDANOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22626