Sanly ulgam: döwrebaplygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan sanly özgertmeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, degişli ugruň kanunçylyk binýady yzygiderli berkidilýär we möhüm resminamalar kabul edilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek işi milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Degişli ugurda esasy resminamalaryň biri bolan bu konsepsiýany durmuşa geçirmekligiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşini gazanmakda pudaklaryň sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň artykmaçlyklary aýdyň duýulýar. Munuň özi agzalan konsepsiýanyň kabul edilen döwlet maksatnamalary we iri ykdysady taslamalar bilen sazlaşykly alnyp barylýandygyna güwä geçýär.

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak milli hojalyklary ösdürmek boýunça işleriň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeçe çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar. Muňa üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen degişli Karara gol çekmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Oňa laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmagyň, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşiniň artdyrylmagynyň, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligiň ýokarlandyrylmagynyň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň halkymyzyň ýagty geljegini üpjün etmäge gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Begençmuhammet REMEZANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22867