Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär we bu işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär.
Arkadag Prezidentimiziň öndengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň esasy maksady ýurdumyzda elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny hem-de olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemekden, bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky meseleleri düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy. Bu gün ösen sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynda we sanly hyzmatlar ulgamlarynda öňde duran maksatlar we ýerine ýetirilmeli işler hem-de ýetilmeli sepgitler aýdyň kesgitlenendir.
Döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalara daýanýan elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynda maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Taýýarlanylýan resminamalar toplumyny kagyz we elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň netijeli usulyny saýlap almak we ulanmak, maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini emele getirmek, resminamalaryň goraglylygyny, ýaşyrynlygyny, bitewiligini we elýeterliligini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Sanly elektron resminama bildirilýän birnäçe talaplar bardyr. Elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň arasyndaky baglaşylýan ylalaşyklar kesgitlenilen talaplara dogry gelmelidir we ony anyklamaklyga mümkinçilik berýän rekwizitleri bolmalydyr.
Elektron resminama dolanyşygy gurnalanda ulanylýan programma – tehniki üpjünçiliklere we beýleki tehniki serişdelere, enjamlara aýratyn üns berilmegi wajyp bolup durýar. Sebäbi, gurnaljak tehniki serişdeler, enjamlar we olarda ulanyljak programma üpjünçilikleriniň kiberhowpsuzlygyň talaplaryny berk berjaý etmegi döwrüň talabydyr we munda ulanylýan programma üpjünçilikleri ähli taraplaýyn goragly bolmagy zerurdyr. Bu ugurda kabul edilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň özygytyýarlylygyny, bähbitlerini goramaga, internet ulgamynda dürli ýüze çykyp biljek ýagdaýlaryň öňüni almaga, jemgyýetçilik tertip-düzgüniň, guramalaryň hem-de raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Milli ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektlerinde elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy bilen, sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi, özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Kanunyň sanly hyzmatlar ulgamyndaky maksady, ilat köpçüligine we hususy ulgamda telekeçilik işini alyp barýan şahslara hem-de döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen hyzmatlary etmegiň has netijeli usullaryny saýlamaga we durmuşa geçirmäge, sanly görnüşdäki hyzmatlardan peýdalanylanda raýatlaryň maliýe sowatlylygyna we hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi döwrüň talabydyr.
Sanly elektron resminamanyň gurluşy umumy we aýratyn böleklerden ybarat bolup durýar. Elektron resminamanyň düzüjisini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmegi, peýdalanylmagy hem-de kabul edijiniň kabul etmegi üçin düşnükli görnüşde berilmegi hökmany ýagdaýdyr. Ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak arkaly, sanly hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýuridik we fiziki şahslar işlerinde sanly hyzmatlary giňden ornaşdyrýarlar.
Sanly ulgam arkaly işleriň alnyp barylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurlarda dünýä tejribesinde gazanylan oňyn netijeleriň peýdalanylmagy geljekki strategik ugurlaryň biridir. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamy ornaşdyrmakda döredýän giň mümkinçilikleri, berýän uly goldawlary üçin mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Amanmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31753