Aşgabat, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de gurallary möwsüme taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlanylýar. Mundan başga-da, häkim ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, gowaça ekiljek ýerleri, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmegini, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde ýazky möwsümde gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp, häzirki wagtda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme taýýar edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleriň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini, pagta öndürijileriň welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak üçin sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär.
Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlary sürmek we tekizlemek, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň çäklerinde meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinleriň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gyş paslynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi gündelik gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak ugrunda zerur işler dowam edýär. Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek, tekizlemek, geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme taýýar edilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýän oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi we gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly hem-de bökdençsiz geçirmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme doly taýýar edilmegi babatda olara tabşyryklar berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.