Ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary adamzat jemgyýetiniň ykdysady-durmuş taýdan ösüş depginini täze derejä çykardy. Häzirki wagtda «sanly ykdysadyýet» adalgasy bilen atlandyrylýan ösüşiň we özgertmeleriň täze tapgyry ykdysady gatnaşyklaryň innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen guralmagyny alamatlandyrýar.
Aýdyň maksatly, belent tutumly işleri rowaçlyklara, ösüşlere beslenýän Garaşsyz Watanymyzda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirmek maksady bilen öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary ornaşdyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň giň gerimde ornaşdyrylmagy «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda has-da işjeňleşdirilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet önümçiligiň täze usullaryny, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine şert döredýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Bagtyýar zamany, abadan, parahat durmuşy halkymyza peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Agabaý TAGANOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.