Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky hem “Owerdraft karty” atly bank kartynyň üsti bilen, kiçi möçberli karzlary bermegiň we gaýtarmagyň şertlerini kesgitläp, gündelik sarp ediş harytlary satyn alnanda, raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda, onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirýär. Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy gaýtadan bellenilen çäk boýunça ulanmak mümkinçiligi döreýär.

“Karz almak baradaky ýüztutma” atly internet tory arkaly, bankyň internet salgylanmasynyň üsti bilen fiziki şahslara berilýän karzlara isleg bildirýän müşderilere onlaýn tertipde arzalary tabşyrmak mümkinçiligi döredilýär. Internet sahypasynda ýerleşdirilen salgylanmanyň üsti bilen karz almaga isleg bildiren fiziki şahslaryň ýüztutmalaryny kabul etmek ýola goýulýar.

Onlaýn tertipde arza tabşyrmak üçin müşderiden goşmaça programma üpjünçiligini gurnamak talap edilmeýär we bu ulgamda karz amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilmeýär. Bankyň internet sahypasynda ýerleşdirilen salgylanmanyň kadaly işjeňligi we onda müşderileriň karz almak baradaky ýüztutmalarydyr maglumatlarynyň dogry ýerleşdirilmeginiň üpjün edilmegi zerurdyr.

Karz edaralary tarapyndan şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny döretmäge ýardam berip, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga hem şert döredýär.

Mergen KURTOW.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Karz amallary müdirligi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20077