ŞANLY ÖSÜŞLERE SALDAMLY GOŞANT

Ýylyň islendik paslynda bazara çykarylýan gök önümleri görenimizde, tamdyrdan ýaňy çykan mele-myssyk çöregi bölenimizde, üsti pagtadan hyryn-dykyn doldurylan awtoulaglaryň tirkegleri deňimizden geçende, ilki bilen, daýhanlaryň çekýän zähmeti barada buýsanç bilen oýlanýarys. Sebäbi olaryň tutanýerli zähmetleriniň netijesinde bazarlarymyz naz-nygmatlardan, gök önümlerden, saçaklarymyz özümizde öndürilen bugdaý unundan bişirilen çörekden doly. Ýeňil senagat ýerli çig mal bilen üpjün edilýär. Bularyň aňyrsynda, ilki bilen, oba hojalyk işgärleriniň ýylboýy alyn derini döküp çeken tutanýerli zähmeti ýatyr. Olaryň bu bolçulygy döretmeklerine senagat kärhanalarynyň hünärmenleri uly ýardam berýärler. S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody hem şolaryň hatarynda.  

                                                                   

Bu ýerde öndürilen dökünleri ýurdumyzyň ähli ýerinde oba hojalyk işgärleri topragy gurplandyrmak, medeni ekinleri iýmitlendirmek üçin giňden peýdalanýarlar. 

                                                                   

― Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerinden bol we ýokary hilli hasyl almak wezipesini öňümizde goýdy. Şunda olary özümizde öndürilýän dökünler bilen üpjün etmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şu ýylyň geçen alty aýyndaky görkezijilere ser salanymyzda, kärhanamyzyň zähmetkeşler toparynyň öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýändiklerine göz ýetirmek bolýar ― diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Akmyrat Öwezow bizi kärhananyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyryp başlady. 

                                                                   

Zawodyň esasy önümleriniň biri ammonili superfosfatdyr. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini bu köpugurly dökünsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Düzüminde oba hojalyk ekinleriniň kadaly ösmekleri üçin zerur bolan 9―11 göterim fosfory, 8―10 göterim azody saklaýan, ekinlere we daşky gurşawa zyýanly täsiri bolmadyk bu dökün bilen ösümlikleri irki we giçki ösüş döwürlerinde iýmitlendirýärler. Ol daýhanlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şonuň üçin zawodyň hünärmenleri bu döküniň mukdaryny artdyrmak ugrunda aladalanýarlar. Olaryň zähmeti ýerine hem düşýär. Geçen alty aýyň dowamynda kärhanada ammonili superfosfatyň 135 müň tonnadan gowragy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Bu ýarym ýyl üçin göz öňünde tutulanyndan 37 müň tonna köpdür. Netijede alty aýyň meýilnamasy 135 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daýhanlarynyň mineral dökün bilen ýeterlik möçberde üpjün edilendigini aňladýar. 

                                                                   

Geçen döwürde kärhanada «Kükürtli» himiki serişdesiniň hem 220 tonnasy buýrujylara iberildi. Oba hojalyk ekinlerini zyýan beriji mör-möjeklerden, käbir kesellerden ygtybarly goramakda onuň orny uludyr.  

                                                                   

Zawodda öndürilýän önümleriň hatarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýan kükürt kislotasy hem bar. Ol dökün öndürilýän kärhanalarda, energetika pudagynda, dokma senagatynda giňden ulanylýan zerur çig mallaryň biri bolup durýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu önümiň 58 müň tonnadan gowragy öndürilip, ulanyjylara ugradyldy. Şonda ösüş depgini 102 göterime barabar boldy. Zawodyň kükürt kislotasy önümçiliginiň başlygy Rüstem Açylowyň aýtmagyna görä, önümhana açylan wagty Gahryman Arkadagymyzyň sowgat eden 20 sany demirýol çelegi öndürilen kükürt kislotasyny buýrujylara wagtynda we gerek mukdarda ugratmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Zawodyň ýene bir önümhanasynda tehniki we lukmançylyk kislorody taýýarlanylýar. Şu wagta çenli onuň 120 müň kub metrden gowragy ulanyjylara ugradyldy.  

                                                                   

Kärhananyň Magdanlyda ýerleşýän şahamçasynda hlorly hek hem öndürilýär. Bu zyýansyzlandyryjy serişdäniň ýokanç keselleriň öňüni almakdaky orny uludyr. Onuň şu ýylyň başyndan bäri öndürilen mukdary 206 tonnadan geçdi. Bu kuwwatly zawodyň hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryny we beýleki ulgamlaryny gerekli himiki serişdeler bilen üpjün etmekde öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.  

                                                                                                           

Döwlet JUMADURDYÝEW.