Dünýä ýurtlary dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýär. Şeýle özgerişiň netijesinde sanly ykdysadyýetiň ösmegi we sanly jemgyýetiň kemala gelmegi dünýä ekoulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki döwrüň ählumumy meýilleri hökmünde çykyş edýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi zähmet bazaryny düýpgöter üýtgedýär.
Elektron hyzmatlaryň täze görnüşiniň her biri özboluşly ýol bilen ösýän, sarp edijileriň özüni alyp barşy bilen häsiýetlendirilýän, döwlet kadalaşdyryşy çygrynda kararlary, çözgütleri we çemeleşmeleri talap edýän täze bazarlaryň döremegine ýardam berýär. Senagat «4.0» tehnologiýalarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna giňden aralaşmagy işewürlik görnüşleriniň üýtgemegine täsir edýär.
Sanlylaşdyrmagyň tapgyrlary ýokary tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakda, sanly hyzmatlary döretmekde, uly göwrümli maglumatlary seljermekde we beýleki ugurlarda sanly başarnyklara eýe bolan işgärlere islegleri artdyrýar. Şahsyýetiň sanly başarnygynyň derejesi näçe ýokary bolsa, sanly ykdysadyýetiň ösüş depgini şonça-da ýokary bolýar.
Sanly başarnyklar — munuň özi bilim, endik, jogapkärçilik we höweslenme ulgamy hökmünde şahsyýetiň degişli ukyp-başarnyklary ele almagynyň esasynda durýan durmuşyň dürli ýaýrawlarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ynamly, netijeli we howpsuz ulanmak taýýarlygydyr.
Täze ykdysady we tehnologik şertler sanly ykdysadyýetiň esasy ýörelgelerini özleşdirmek boýunça okaýanlara, mugallymlara, hünärmenlere we raýatlara degişli talaplary bildirýär. Ykdysady gurşawyň we döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrylmagy, alynýan hünäre ýa-da käre garamazdan, bilim ulgamynyň öňünde täze sanly başarnyklar toplumyny emele getirmek boýunça wajyp wezipeleri goýýar. Soňky ýyllaryň halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, hünär işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär başarnyklarynyň üstüni sanly başarnyklar arkaly ýetirmek meselesine çynlakaý çemeleşilýär.
Sanly ykdysadyýet üçin esasy başarnyklary ulgamlaşdyrmak babatda dürli guramalar we bilermenler toparlary tarapyndan barlaglar alnyp barylýar. Häzirki wagtda dürli döwlet edaralary, maslahat beriş kompaniýalary we gözlegçiler tarapyndan sanly başarnyklaryň dürli görnüşleri işlenip taýýarlandy.
ÝUNESKO-nyň we Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň bilelikde taýýarlan hasabatynda iş hem-de durmuş üçin zerur bolan sanly başarnyklaryň dört topary tapawutlandyrylýar: sanly tehnologiýalara elýeterlilik we olar bilen işlemek üçin funksional başarnyklar; sanly tehnologiýalary ýerlikli we netijeli ulanmak üçin standart sanly başarnyklar; tehnologiýalary giňeldilen we özgerdilen görnüşde peýdalanmak üçin ösen sanly başarnyklar; XXI asyryň başarnyklary. Bu toparlar sanly başarnyklaryň 24 görnüşini özünde jemleýär we olar ýönekeýden has çylşyrymly sanly başarnyklary emele getirmegi şertlendirýär.
Kanadanyň Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça geňeşi tarapyndan işlenip düzülen sanly başarnyklar bäş topara bölünýär: binýatlyk başarnyklar; işewürlik we şahsyýetara başarnyklar; sanly we tehniki başarnyklar; maglumat başarnyklary; telekeçilik başarnyklary. Bu toparlarda sanly başarnyklaryň 25 görnüşi jemlenendir.
Ýewropa Geňeşiniň howandarlygynda taýýarlanan hasabata laýyklykda, raýatlar üçin başarnyklaryň bäş topary görkezilýär: maglumatlar we görkezijiler çygrynda sowatlylyk; aragatnaşyk; hyzmatdaşlyk; sanly kontenti (mazmuny) döretmek; howpsuzlyk; meseleleri çözmek. Ady agzalan toparlar, umumylykda, sanly başarnyklaryň 21 görnüşini özüne birleşdirýär. Şunda her bir başarnyk 4 derejä (binýatlyk, aralyk, kämil, ýokary ussatlyk) we şol derejeleriň her biri 2 kiçi derejä bölünýär.
ÝUNESKO-nyň Statistika instituty raýatlar üçin sanly başarnyklaryň nusgasyna goşmaça sanly başarnyklaryň «Enjam we programma üpjünçilikleriň esaslary» atly aýratyn topary girizmegi teklip edýär. Bu topar enjam (işletmek/öçürmek, işe taýýarlamak, işini togtatmak) we programma serişdelerini (ulanyjynyň hasap ýazgylaryny, atlaryny, gizlin açarsözlerini, gizlinlik düzgünlerini üpjün etmek we ş.m.) peýdalanmak çygrynda binýatlyk bilimler hem-de başarnyklar ýaly möhüm ugurlardan durýar.
G20 toparyň düzümine girýän ýurtlaryň sammitiniň çäklerinde sanly sowatlylygy ölçemegiň ulgamy hödürlenýär. Bu ulgam sanly sowatlylygy bäş dereje, ýagny maglumat sowatlylygy; kompýuter sowatlylygy; media sowatlylygy; kommunikatiw sowatlylygy; tehnologik innowasiýalara bolan gatnaşyk boýunça bahalandyrmagy we olaryň her biriniň içinde üç möhüm görkezijini (bilimleri, başarnyklary we görkezmeleri) göz öňünde tutýar. Umuman, sanly başarnyklary IT ugrundan ýörite bilimi bolmadyk peýdalanyjynyň we IT ugrundan ýörite bilimi bolan hünärmenleriň ýörite başarnyklaryna bölmek bolar.
Peýdalanyjynyň başarnyklary binýatlyk we emele getirilen başarnyklary öz içine alýar. Binýatlyk sanly başarnyklar elektron gurluşlary we goşundylary ulanmak boýunça wezipeleýin sowatlylyk bilen baglanyşyklydyr. Olar sanly enjamlara we onlaýn hyzmatlara girmek hem-de ulanmak üçin her bir adama zerurdyr. Bu başarnyklara dürli tehniki gurluşlar, faýllar, internet, onlaýn hyzmatlar, goşundylar bilen işlemek ukyby girýär. Şeýle hem olar klawiaturada ýazmak (inçe hereketlendirijilik ukyplaryny ösdürmek) ýa-da duýgur ekranlar bilen işlemek ýaly endikleri göz öňünde tutýar. Emele getirilen sanly başarnyklar sanly tehnologiýalary gündelik durmuşda we iş ýerinde degişli tertipde aňly-düşünjeli ulanmak ukyby bilen baglanyşyklydyr. Bu başarnyklary ele almak sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Şunda onlaýn goşundylarda we sanly hyzmatlarda işlemek, sanly kontenti (mazmuny) döretmek we maglumat bilen işlemek (ýygnamak, toparlamak, ygtybarlylygy barlamak, saklamak we goramak) ukyby üçin döredijilik endikleri möhümdir.
IT ugrundan ýörite bilimi bolan hünärmeniň ýörite başarnyklary sanly gurşawda çylşyrymly hünär meselelerini çözmek üçin niýetlenendir. Bu sanly başarnyklara ýokary tehnologik hünärleriň esasyny düzýänleriň (programmaçylaryň, işläp düzüjileriň, web dizaýnerleriň, uly maglumat analitikleriniň we ş.m.) başarnyklary degişlidir. Şeýle başarnyklaryň özleşdirilmegi ýörite bilimleri talap edýär.
Dürli derejelerde sanly başarnyklara eýe bolan işgärler islendik kompaniýanyň bäsdeşlige ukyplylyk artykmaçlygyny üpjün edýän ýagdaýdyr. Işgärleriniň sanly başarnyklarynyň derejesi ýokary bolan kompaniýalaryň işlerine birnäçe netijelilik, hususan-da, işewürleriň sanly dünýäniň üýtgeýän zerurlyklaryna laýyk gelýän has netijeli görnüşlerini ulanmak, sanly marketingi we start-up kompaniýalarynyň usullaryny ulanyp, harytlar we hyzmatlar bazaryna has gysga wagtda çykmak, tehnologik platformalary ulanmak arkaly, netijeli gurluş düzümini üpjün etmek, zehinlere maýa goýmagy üpjün edýän ýokary hilli sanly önümleri hödürlemek, şahsylaşdyrylan hödürlemeler we şahsylaşdyrylan sanly amaly iş tejribeleri arkaly önümiň hili babatynda sarp edijileriň kanagatlanmalarynyň ýokary derejesini gazanmak mahsusdyr.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim edaralary häzirki zamanyň esasy başarnyklaryny kemala getirmek we ösdürmek işlerine işjeň gatnaşýarlar. Ýokary okuw we orta hünär bilim edaralary talyplara sanly ykdysadyýetiň şertlerine laýyklykda döwrebap bilim bermek we olarda sanly başarnyklary kemala getirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralar bolsa hünärmenleriň sanly başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilim işlerini amala aşyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň sanly ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we maglumat jemgyýetini emele getirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.