Sanly ulgam — kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maglumat tehnologiýalaryna we innowasiýalara esaslanýan täzeçil çözgütler durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ähli ulgamlar bilen bir hatarda gurluşykda we binagärlikde hem döwrebap sanly çözgütler netijeli peýdalanylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş-medeni maksatly desgalarda täzeçil tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Durmuşymyzy ýeňilleşdirýän «akylly» tehnologiýalar täze gurulýan binalarda ulanylýar. Muňa mysal hökmünde geçen ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ajaýyp binalarda we beýleki düzümleýin desgalarda ornaşdyrylan energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlaryny görkezmek bolar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan «Aşgabat siti» — kämil durmuş düzümine eýe bolan akylly şäher bolsa, tutuşlygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda gurlup, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri özünde jemlär.

Tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda her bir ugurda döwrebap innowasiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şundan ugur alyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem bilim alýan ýaşlaryň gurluşyk we binagärlik işleriniň inçe syrlary bilen bir hatarda, döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki zamanamyzda islendik üstünlikler ösen tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Dünýä tejribesinden şaýat bolşumyz ýaly, häzirki zaman, ygtybarly we kämil desgalary gurmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Internetiň hödürleýän mümkinçilikleri daşary ýurtly ussat binagärleriň we gurluşyk kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge, olar bilen pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şunuň netijesinde hem iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Biziň bilim ojagymyzda hem dünýä ylmynyň we tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen deň gadam urmak wezipesi esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, bu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döwrebap bilim we terbiýeçilik işini alyp barmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we kämilleşdirmek babatda ähli şert-mümkinçilikler üpjün edildi. Institutymyzyň talyp ýaşlary we professor-mugallymlary şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyna mynasyp işler bilen jogap bermek ugrunda irginsiz zähmet çekýärler.

Nurnazar TAGANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35831