Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny döwrebap ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hukuk ylymlary hem ylmyň özboluşly, wajyp ugry hökmünde yzygiderli ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, hukuk goraýjy edaralarda hem innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Innowasiýalar, ylym-bilim ulgamlaryndaky kämilleşmeleriň özenini düzýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy ähli ulgamlaryň ylma esaslanyp, innowasion çemeleşmelerden ugur alnyp ösdürilmegine mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Innowasion ösüş kazyýet işlerini alyp barmakda hem giň gerime eýe bolýar.
Häzirki wagtda jenaýatçylyga, hususan-da, transmilli jenaýatçylyga garşy täze usullary ulanmak, şeýle hem ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryndan peýdalanmak ähmiýetlidir. Bu mesele adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goragyny üpjün etmäge niýetlenen kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Jenaýat kazyýet ulgamynda innowasiýa tehnologiýalardan peýdalanmak işinde, ilkinji nobatda, bu ugurda ulanylýan adalgalaryň kesgitlenmegi möhümdir. Munuň özi bu meseläniň düýp manysyna we mazmunyna düşünmäge, jenaýat iş ýöredişiniň ähli tapgyrlarynda ulanylýan tehniki işläp taýýarlamalaryň köp görnüşliliginden baş çykarmaga, olaryň arasyndan has netijelisini saýlap almaga, şeýle hem olaryň ornuny kesgitlemäge ýardam berýär.
Innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, innowasiýa raýat dolanyşygyna girizilen innowasiýa önümidir. Innowasiýalaryň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar, ýagny önüm, proses, marketing we guramaçylyk.
Öň jenaýat kazyýet ulgamynda suratlar, soňra ses ýazgylary ulanylýardy, häzirki wagtda sifrli ses we wideo ýazgylarynyň usuly ulanylýar. Ylmy edebiýatlara we kanunçylyga laýyklykda, häzirki zaman tehniki serişdeler poligraflar, wideoaragatnaşyk ulgamy, ses boýunça stres-detektorlary, wideo teswirlemeleri giňden ulanylýar. Bularyň içinde wideoaragatnaşyk ulgamy durmuşymyzyň dürli ugurlarynda, döwlet dolandyryş ulgamynda, ýokary okuw mekdeplerinde, lukmançylykda we beýleki ugurlarda giňden ulanylýar. Jenaýat iş ýöredişiniň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we olary ulanmak üçin jenaýat iş ýörediş hukugynyň kadalary amala aşyrylmalydyr, şunuň ýaly tehnologiýalary ulanmagyň maksatlary jenaýat kazyýet ulgamynyň wezipelerine hem-de ýörelgelerine laýyk gelmelidir.
Tehniki serişdeleriň peýdalanylmagyndan alnan subutnamalaryň, olaryň diňe bir bilermenler we hünärmenler tarapyndan däl-de, eýsem, kazyýetde jenaýat işiniň barşynda iş ýöredişiň beýleki gatnaşyjylary tarapyndan hem baha berilmegi üçin makul görnüşde bolmagyny göz öňünde tutmak hökmandyr. Kazyýet seljerişiniň barşynda täze tehnologiýalary peýdalanmak jenaýat iş ýörediş kadalarynyň berjaý edilmegini ep-esli ýeňilleşdirýär.
Türkmenistanda jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň ösüşinde we ýerine ýetirilişinde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti örän uludyr.
Goý, ýurdumyzda hukuk ulgamyny dünýä derejesinde ösdürýän, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Myrat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň müdiri.