Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýaşaýan telekeçi ýigit Batyr Rozyýew ýyladyşhana gurmak üçin özüne berlen 5 gektar ýeri özleşdirmek we ony gurplandyrmak babatda dessine alada edip başlady. Sebäbi çägesöw topragyň düzümini baýlaşdyrmasaň, geljekde ondan bol hasyl almajagyň belli. Şonuň üçinem telekeçi ýigit ýeri ders bilen gurplandyryp, desga üçin zerur bolan enjamlaryň ugruna çykdy. Olary Türkiýe Respublikasyndan satyn alyp, gysga möhletde gurmagy-da başardy. Şeýdibem, eýýäm geçen ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhananyň içinde pomidor şitillerini ýetişdirmäge mümkinçilik döredi.
Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» pomidor sortlarynyň artykmaç taraplarynyň köpdügi sebäpli, olar şitil ýetişdirmek üçin saýlanyp alynýar hem-de ýörite gapjagazlarda ekilýär. Önümçiligiň agronomy Maksat Mämmetgulow türkmen hünärmenlerinden pomidoryň bu sortlarynyň agrotehnikasyny kemsiz öwrenip, olara ýokary hilli ideg etmegi başardy. Galyberse-de, her gün internet arkaly öwrenilýän maglumatlar gowy şitilleriň ýetişmegini üpjün etdi. Şunlukda, jemi 92 müň şitil kemala getirildi. Wagty gelende, olar dört gektar meýdana ekildi. Ine, şundan soň ýene-de dartgynly we jogapkärli döwür başlandy.
Şitiller üç aýyň içinde kemsiz boý alyp, hasyla durýarlar. Diýmek, her düýp şitiliň talap edýän ýokumlaryny ýetirip, organiki we mineral dökünler bilen üpjün etmeli hem-de olaryň kadaly ösüşini gazanmaly. Pomidoryň ähli güýjüni hasylyna bermegi üçin onuň ýapraklaryny-da seýrekletmeli. Pomidorlar gülläp başlan badyna, olary tozanlandyrmak üçin Türkiýeden ýörite balarylar satyn alyndy.
— Ýyladyşhanamyzyň işi hysyrdyly hem gyzykly. Hünärmenler ýerine ýetirilmeli işiň wagtyny gowy bilýärler. Öz işlerine ak ýürekden çemeleşip, ekinlere idegi sähelçe-de gowşadanoklar. Şonuň üçin-de, her düýp pomidor 10 kilograma çenli hasyl berýär. Biz şu ýyl 800 tonna golaý hasyla garaşýarys. Eýýäm munuň ilkinji tonnalaryny ilata hödürledik. Hasylymyz günsaýyn artýar. Degişli hünärmenler onuň hiline-de gowy baha berdiler. Biziň indiki maksadymyz, hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, önümlerimizi daşarky bazarlara çykarmak bolup durýar. Elbetde, munuň hem özüne ýetik hysyrdysy bar. Muňa garamazdan, ene topragymyzda bitýän önümiň uly islege eýe boljakdygyna ynanýarys — diýip, telekeçi ýigit Batyr Rozyýew gürrüň berýär.
Hudaýberen ABRAÝEW.