Aýdyň maksatlar, anyk işler — röwşen geljegiň bähbidine

Hökümetiň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar 

                                                                   

 Biz wagtyň örän tiz geçýändigini ýanjaýarys. Munuň özi ýaşaýşyň abadanlygyndan, ýurduň asudalygyndan nyşan. Durmuşyň gyzygy-gyzgalaňy düýrmegiň bilen gurşap alanda, wagtyň neneň-niçik geçeni-de aňşyrtmaýar. Nurana arzuw-niýetler bilen garşylanan 2023-nji ýylyň eýýäm ýarpy menzili arka atyldy. 

                                                                   

Eýsem, ýylyň geçen döwründe biz nähili üstünlikleri gazandyk, neneňsi sepgitlere ýetdik? Döwür ýene nähili wezipeleri öňde goýýar? Ine, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisi şu sowallaryň anyk-aýdyň jogaplaryny özünde jemledi. Şol jogaplar bolsa diňe ýarym ýylda ýetilenlere däl, eýsem, tutuş döwrüň ruhuna, zamananyň ynamly gadamlaryna göz ýetirmäge hem mümkinçilik berýär. Hakykatdan-da, ýarym ýylda gazanylanlar hakyndaky söhbet, şol bir wagtyň özünde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky söhbetdir. Uly hasapda alanyňda bolsa, bitirilýän işleriň, ýetilýän sepgitleriň her biri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amal etmegiň ýolundaky ädimlerdir. Aýdylyşy ýaly, ädim-ädimden ýol önýär. Niýetler tämiz, maksatlar asylly, möhletler anyk, hereketler aýgytly bolanda, her geçen gün basgançaga öwrülýär-de, täze belentliklere göterýär. 

                                                                   

Biziň döwrümiz — hem-ä ösüşiň ozalky tapgyrlarynda başy başlanan asylly işleriň mynasyp dowam etdirilýän, hemem düýpgöter täze belentlikleriň nazarlanýan, giň mümkinçilikleriň açylýan döwri. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardyr getirilen maglumatlar, kabul edilen çözgütler muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mejlisde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim ýokarlanypdyr. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artyp, jemi içerki önümiň 16 göterimine deň bolupdyr. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilipdir. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirilipdir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň eteginde döwrüň täsin gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa diňe birinji ýarym ýyllygyň däl, eýsem, garaşsyz ösüşiň bütin taryhynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde hem nygtalmaga mynasyp. Bu iri şähergurluşyk taslamasy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurluşyk işleriniň bökdençsiz amala aşyrylandygy guwandyryjydyr. Geçen ýarym ýylda Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berlipdir... Asla, geçen ýylyň ahyrynda geçirilen ilat ýazuwynyň şu mejlisde yglan edilen netijeleriniň görkezişi ýaly, soňky 10 ýylda ýaşaýyş binalarynyň sanynyň 12,4 göterim, ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň 13,6 göterim, olaryň umumy meýdanynyň bolsa 24,5 göterim artandygy bu ugurdaky işleriň yzygiderli hem toplumlaýyn häsiýete eýedigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Döwrüň ösüş badyny görkezýän deliller başga-da kän. Iň esasy zat, döwletiň, Hökümetiň köpugurly tagallalarynyň miwesini raýatlaryň öz durmuşynda anyk görüp-duýup ýaşaýanlygydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda amal edilýän syýasatyň baş maksady hem şol: halkyň abadan, bagtyýar durmuşy, nesilleriň röwşen geljegi. 

                                                                   

Ählumumy tejribeleriň görkezişi ýaly, ykdysady ösüşiňdir mümkinçilikleriň diňe öz-özlüginde adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy kepillendirip bilmeýändigi hakykatdyr. Eýsem, ol munuň üçin diňe zerur şertleri döredýär. Abadan ýaşaýyş, ahyrky netijede, oýlanyşykly ýöredilýän syýasata, durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen aňly-başly tagallalara gönüden-göni bagly bolýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylky çykyşlarynyň birinde ýurdumyzda 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleriniň bolsa 1054 göterim artandygyny belläpdi. Geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy. Ministrler Kabinetiniň şu gezekki giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi durmuş ugurly ynsanperwer ýörelgäniň dowamy hökmünde ulus-iliň uly hoşallygyny gazandy. Munuň şeýledigini şu günler dürli kärdäki, dürli ýaşdaky ildeşlerimizden redaksiýamyza yzygiderli gelýän hatlardyr telefon jaňlary hem tassyk edýär. 

                                                                   

Häzirki döwür — durmuşyň elektronlaşýan, ykdysadyýetiň sanlylaşýan, ýokary tehnologiýalaryň ähli ugra barha we barha giňden ornaşýan döwri. Ýöne, elbetde, ahyrky netijede, ösüşiň çarhyny aýlaýan güýç adam we onuň aňy, zähmeti bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, adamlaryň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalyp, olaryň zähmetine mynasyp hak tölenilmegi ähli ugurdaky ösüşlere rowaçlyk berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň gylla ýaryndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Sebitlerde amala aşyrylýan işler bolsa obasenagat toplumynyň ösüşine degişli wezipeler bilen içgin baglanyşyklydyr. Bu toplum milli ykdysadyýetiň möhüm ugry, döwletiň azyk garaşsyzlygynyň esasy bolmak bilen çäklenmän, irki döwürlerden bäri ekerançylyk hem-de maldarçylyk bilen meşgullanan türkmenleriň däbe öwrülen ýaşaýşynyň gurluşydyr we görnüşidir. Şoňa görä-de, oba hojalyk özgertmeleri hemişe-de möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekmegi hem bu özgertmeleriň mynasyp dowamy boldy. Şol bir wagtyň özünde, daşky gurşawy goramak işiniň mundan beýläk Hökümetiň aýratyn düzümi derejesinde amala aşyryljakdygy Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki tagallalarynyň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Bu ugruň halkara giňişlikde hem barha we barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygy, şunda türkmen döwletiniň wajyp başlangyçlarynyň ählumumy derejede goldaw tapýandygy mälimdir. 

                                                                   

2023-nji ýyl — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Bu şygar ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyna ýene bir gezek ünsi çekýär. Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň kämil ylym-bilim almagy, iş bilen üpjünçiligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, özbaşyna öý-ojak gurup, maşgala abadançylygyna eýe bolmagy babatdaky giň gerimli tagallalary öz içine alýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekmek bilen, bilime höwesek, hünäre yhlasly ýaşlaryň durmuşynda gyzgalaňly möwsüme badalga berdi. Geljege gönükdirilen uly maksatlaryň amaly hakyky hünär eýelerine, öz işiniň ussatlaryna bagly bolýar. Şoňa görä-de, döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilmegi bilen bagly bu möwsümiň tutuş ýurduň geljekki ösüşine dahyllylykda örän möhüm ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berildi. 

                                                                   

“Bu günki üstünlik — ertirki kada” diýlişi ýaly, ýetilen sepgitler geljek üçin täze gözýetimleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde duran möhüm wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek; ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermek; milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmagy dowam etdirmek şu günüň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Ýurt abadançylygy, halkyň bagtyýarlygy bilen baglanyşykly wezipeler her bir raýatyň öz maksat-matlabyny ählumumy maksatlar bilen baglanyşdyryp, asylly zähmet çekmegini talap edýär. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde ýurdumyzyň giňişliklerine yzygiderli sapar edip, ýagdaýlar bilen ýerinde tanyşmagy, mal yzyndaky çopanlardyr ekin üstündäki daýhanlardan başlap, iri taslamalary durmuşa geçirýän hünärmenlere çenli, dürli kärdäki adamlar bilen ýürekdeş söhbet etmegi halkyň arzuw-islegleriniň, maksatlarynyň kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň özeninde goýulmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Aýdylyşy ýaly, syýasat tutuş adamzadyň hem-de dünýädäki her bir ynsanyň ömri, ykbaly, hal-ýagdaýy bilen pugta baglanyşykly inçe aň işi bolup, oňa kalbyň yssy mähri bilen çemeleşmek zerur. Syýasatçy diňe taryhy dörediji şahsyýet däldir. Ol ýaşaýşy özgerdip bilýän, durmuşy ösdürip bilýän dörediji, gurujy şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bu hakykaty anyk işleri bilen subut edýärler. 

                                                                                                           

Kakamyrat REJEBOW.

                       

“Türkmenistan”