Täze eýýamymyzyň şanly menzili bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toýly günlerinde ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerilip, ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi döwlet berkararlygynyň has-da pugtalanýandygyny, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumda ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taryhy çözgütler kabul edildi, geljek üçin düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan maksatnamalaýyn wezipeleri kesgitlenildi.
Milli ykdysadyýetimiz innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde täze belentliklere galýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi işe bolan garaýyşlaryň hem çemeleşmeleriň düýbünden üýtgedilmegine, dolandyryş ulgamyna häzirki zaman halkara ülňüleriniň ornaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň täze durkunyň döredilmegine, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine täzeçe itergi berjek möhüm ähmiýetli waka boldy.
Maglumatlar ulgamynyň kämil ösdürilýän, durmuşyň ähli ugurlaryna çylşyrymly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwürde dünýäde ösüşiň iň täze hem-de amatly nusgalary gözlenilýär: ol ykdysadyýeti kuwwatlandyrmagyň ygtybarly ugry hasaplanylýar. Dünýä bileleşiginiň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyz hem ählumumy ykrar edilen, açyklyga, howpsuzlyga esaslanýan ösüş ýolunyň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Hormatly Prezidentimiziň täze ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmek, halk hojalygynyň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň talabyna laýyk gelýän täzeçil usullary ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, innowasion usullary giň gerimde ulanmak, çylşyrymly tehnologiýalara başarnykly erk edýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly anyk ugurlary özünde jemleýär.
Ykdysady ösüşleriň täze nusgasy hökmünde sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi has-da artýar, senagat önümleriniň iň täze görnüşleri dünýä bazaryna çykarylýar. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümleriň has kän öndürilmegine şertler döreýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberi hem-de görnüşleri artýar. Döwletimiz dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýar. Durnukly ykdysady ösüş hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin strategiýasynyň baş maksady bolup durýar. Täze eýýamymyzda maýa goýum syýasatynyň netijeliligi hem-de işjeňligi has-da ýokarlanýar, gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň hem möçberi yzygiderli artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede durnukly saklanýandygy ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýete eýedigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz taryhy mejlisde eden çykyşynda şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlary goýmagyň göz öňünde tutulýandygy, bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulýandygy hem-de döwrebaplaşdyrylýandygy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz halkara maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmagy utgaşykly, toplumlaýyn esasda alyp barmalydygyna ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak üçin 1 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar bina edilýär hem-de döwrebaplaşdyrylar, şäherleriň, obalaryň durky täzelenýär, täze obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, saglyk öýleri we beýlekiler gurulýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gaýtadan işleýän innowasion senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ýollary gaýtadan işleýän senagatyň netijeli hereket etmegine gönükdirilýär. Ykdysady ösüşleriň täze nusgasy hökmünde sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi has-da artýar, senagat önümleriniň iň täze görnüşleri dünýä bazaryna çykarylýar, şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümleriň has köp öndürilmegine şertler döreýär. Şeýle täze usullaryň ornaşdyrylmagy ýerli senagat kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň çig mal binýadynyň ýokary derejede gaýtadan işlenmegine, ykdysadyýetiň tehnologik ösüş derejesine doly geçmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýerli bazarlarda, söwda nokatlarynda özümizde öndürilen önümleriň bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzda hereket edýän gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny has ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin hem zerur şertler döredilýär. Şeýle çemeleşmeler bolsa bazar-ykdysady we innowasion önümçiligi çuňlaşdyrmaga gönükdirilen wezipeleriň bähbitli taraplaryny örän aýdyň görkezýär hem-de toplanylan oňyn tejribeler esasynda dürli gurluşyk serişdeleriniň has köp öndürilmegini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigi barada aýratyn belläp geçdi. Öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalaryna laýyklykda, «ýaşyl» tehnologiýalar ulanylyp bina edilen Arkadag şäheri halkara ykrarnamalaryň 21-sine mynasyp boldy. Şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Täze eýýamymyzda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde amala aşyrylýan nusgalyk işler halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Ajaýyp döwrümizde halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy babatda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy