Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň birnäçe ugruny özünde jemleýär.
Milli maksatnamanyň esasy maksady ýurdumyzyň obalarynyň we kiçi şäherleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakdan hem-de oba ilatly ýerleriň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň durmuş taýdan ösüşini üpjün etmekden we inženerçilik-üpjünçilik ulgamyny özgertmekden ybaratdyr. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny özgertmek boýunça göz öňünde tutulan giň möçberli işleri öz içine alýar.
2022 — 2028-nji ýyllarda Oba milli maksatnamasy boýunça Ahal welaýatynda 41 sany binanyň we desganyň gurulmagy hem-de durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar. Şolardan 11-si mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 14-si umumybilim berýän mekdep, 6-sy saglyk öýi we merkezi, 1-si hassahanadyr. Şeýle hem welaýatda 2204,30 kilometr suw geçirijini, 4 sany suw arassalaýjy desgany, 807,20 kilometr lagym geçirijini, 5 sany lagym arassalaýjy desgany, 1034,0 kilometr awtomobil ýoluny, 358,46 kilometr gaz geçirijini, 1412,40 kilometr elektrik geçirijini gurmak meýilleşdirilýär. Şu döwürde welaýatda 322,0 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4552 sany telefon belgisi işe giriziler, şeýle hem 914,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Balkan welaýaty ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagat pudaklarynyň ösen sebitidir. Welaýatda ilatyň esasy bölegi şäherlerde ýaşaýar. Milli maksatnamanyň çäklerinde Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda 20 binany we desgany gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Olara 4 sany hassahana, 3 sany saglyk öýi we merkezi, 1 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 7 sany umumybilim berýän orta mekdep, 2 sany medeniýet öýi degişlidir. Şu döwürde 743,37 kilometr suw geçirijini, 2 sany suw arassalaýjy desgany, 25 sany dik guýyny, 112,00 kilometr lagym geçirijilerini, bir lagym arassalaýjy desgany, 244,09 kilometr awtomobil ýoluny, 212,0 kilometr gaz geçirijini, 347,50 kilometr elektrik geçirijini gurmak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, 89,5 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4416 sany telefon belgisi işe giriziler hem-de 710,48 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Demirgazyk welaýatymyz boýunça 2022 — 2028-nji ýyllarda 31 binanyň we desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda 1 sany saglyk öýi we merkezi, 7 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 11 umumybilim berýän orta mekdep we 3 sany medeniýet öýi gurlar. Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 179,16 kilometr suw geçiriji, 5 sany suw arassalaýjy desga, 108,3 kilometr lagym geçiriji, 4 sany lagym arassalaýjy desga, 196,5 kilometr awtomobil ýoly, 576,95 kilometr gaz geçiriji, 301,77 kilometr elektrik geçiriji gurlar. Bulardan başga-da, 382,0 kilometr telefon ulgamy gurlup, 5428 sany telefon belgisi işe giriziler. Welaýat boýunça 721,30 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary göz öňüne tutulýar.
Lebap welaýaty senagat we infrastruktura pudaklarynyň ösen sebitidir. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda 2022 — 2028-nji ýyllarda 43 bina we desga gurlar. Olaryň hatarynda 3 sany hassahana, 5 sany saglyk öýi we merkezi, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 18 sany umumybilim berýän orta mekdep, 3 sany medeniýet öýi bar. Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 304,79 kilometr suw geçiriji, 5 sany suw arassalaýjy desga, 78,62 kilometr lagym geçiriji, 3 sany lagym arassalaýjy desga, 769,07 kilometr awtomobil ýoly, 346,81 kilometr gaz geçiriji we 474,65 kilometr elektrik geçiriji gurlar. Aragatnaşyk ulgamy boýunça 437,96 kilometr telefon ulgamy çekiler, şeýle hem 11184 sany telefon belgisi işe giriziler. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,5 müň inedördül metri gurlup, ulanmaga berler.
Mary welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda 25 bina we desga gurlup ulanmaga berler. Şol döwürde welaýatda 3 sany hassahanany, 3 saglyk öýüni we merkezini, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny, 7 sany orta mekdebi gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 1677,85 kilometr suw geçiriji, 4 sany suw arassalaýjy desga, 83,7 kilometr lagym geçiriji, 2 sany lagym arassalaýjy desga, 1189,37 kilometr awtomobil ýoly, 524,65 kilometr gaz we 750,73 kilometr elektrik geçirijileri gurlar. 410,85 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4288 sany telefon belgisi işe giriziler. Şu döwürde welaýat boýunça 584,11 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berler.
Ýurdumyzy ösdürmek babatynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler durmuş taýdan göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň berk binýadyny emele getirýär. Maýa goýumlarynyň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirilýär. Netijede, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň müňlerçesi gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlarynyň çäklerinde, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 15 ugur boýunça jemi 160 binanyň we desganyň gurluşyk hem-de durkuny täzelemek işleri meýilleşdirilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde telekeçileriň we hususy eýeçiligiň orny artýar. Gurluşyklaryň uly bölegi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar.
Arkadagly Serdarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ösüp gelýän nesliň bilimli, ylymly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.