Halkyň hatyrasyna beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyz bilen il-günüň bir jan, bir tendigi, berkarar döwletimiziň 30 ýyllyk garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitleriniň dünýä ykrarnamasyna eýe bolanlygy we belent maksatlara tarap ynamly gadam urýandygy buýsançly hakykatdyr.
Ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň, senagatçylarynyň işleri bilen içgin gyzyklanylyp, olaryň armasy ýetirilýär. Muny geçen ýylyň dowamynda durmuşymyzda bolup geçen şanly wakalar hem tassyklaýar.
Şeýle buýsançly wakalaryň birine 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda şaýat bolduk. Şol gün milli Liderimiziň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, onuň ugrundaky döwrebap hyzmat ediş, inženerçilik desgalaryny açyp, ulanmaga ak pata bermegi, ýurdumyzyň hususyýetçilerine şeýle iri möhüm taslamalaryň gurluşygynda geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etmegi buýsanjymyzy artdyrdy. Açylyş dabarasynda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurýan bu ýoly Bitarap döwletimiziň ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýändigini aýdyň görkezýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylyň 13-nji ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjylary, hususy balykçylar bilen duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagynda hem telekeçileri goldamak we höweslendirmek ýaly asylly däbi gördük. Şa gadamynyň hususy balykçylaryň mekanyna düşmegi, olaryň alyp barýan asylly işlerine ýokary baha berilmegi döwletlilikden nyşandyr.
Häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri, şol sanda balyk önümleri bazar bolçulygyny artdyrmaga goşant goşýar. Balykçy telekeçilere ýer bölekleriniň berilmegi, emeli usulda balyklary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen howuzlaryň gurulmagy, şeýle-de balyklary ýörite inkubatorlarda köpeltmek, olaryň iýmitini taýýarlamak boýunça innowasion tehnologiýalar esasynda alnyp barylýan işler oňyn netije berýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji ýanwarda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Bu taryhy waka ähli halkymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň şatlygyny goşalandyrdy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Ony iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilip, birinji tapgyrda 336 sany binadyr desga gurulýar. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşygyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň 60-dan gowragy gatnaşýar. Gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylmagy aýratyn guwandyryjydyr.
Şeýle hem 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp gördi we ol ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öndürilýän önümler, olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy. Bu waka hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde işewür toparlaryň möhüm orun eýeleýändiginiň, telekeçileriň yhlasly tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň ýylyň tutuş dowamynda ter gök önümler, etiň dürli görnüşleri we ýumurtga bilen üpjün edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şulardan hem görnüşi ýaly, ykdysadyýetiň hususy pudagy ösüşiň täze belentliklerine ynamly çykýar. Häzirki wagtda täze önümçilikler ýola goýulýar, köp sanly iri desgalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler, onda geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasy tassyklanar. Ýakyn geljek üçin niýetlenen bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy bolup, ýurdumyzyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitlär.
Türkmen telekeçileri öz işlerini hormatly Prezidentimiziň dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda innowasion barlaglara işjeň gatnaşmak, täze tehnologiýalary döretmek, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmazlyk hakyndaky sargytlaryna, şeýle-de bazar ýörelgelerine, sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir. Olaryň ýola goýýan täze önümçilikleriniň gerimi barha giňeýär. Golaýda bolsa aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy. Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolan zawodyň gurluşygyny alyp barýar.
Hususyýetçiler özlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine halal, tutanýerli zähmet çekip, yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Saparmyrat OWGANOW,