Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz täze-täze üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan saýlanyp alnan Türkmenistanyň durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy we ýurdumyzy durnukly ösdürmek babatynda alyp barýan giň möçberli başlangyçlary, bazar özgertmeleri esasy makroykdysady görkezijileriň ýokary depginlerde ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini durnukly ösüş häsiýetine eýedir.
Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimize dünýä bazarlarynyň standartlaryny ornaşdyrmaklyga, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin amatly maýa goýum gurşawyny döretmeklige gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär we ony gazanmaga ýurtda höküm sürýän syýasy we durmuş asudalygy, ykdysady ösüşiň durnukly saklanylmagy, oýlanyşykly maliýe syýasatynyň alnyp barylmagy ýardam edýär.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda taýýarlanylan maksatnamalara laýyklykda, geljekde Türkmenistan öz ylmy-tehniki we serişde kuwwatlyklaryna daýanyp, şeýle hem öňde durýan ykdysady, durmuş we ekologiki wezipeleri nazara alyp, tapgyrlaýyn esasda öz durnukly ösüş syýasatyny dowam etdirer. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda ýokary netijeli we ekologiki taýdan arassa önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berler. Olar hem eksporta gönükdirilen, hem importy çalyşýan önümçiliklerden ybarat bolar we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Milli ykdysadyýeti düýpli we doly döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilen özgertmeler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige mümkinçilik döredýär. Şunda esasy ädim öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyrmaklyga, importy çalyşýan täze önümçilikleri guramaklyga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdiriler.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna getirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir öz hususy bähbitlerinden ugur alman, eýsem, beýleki ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini sazlaşdyrmaga çalyşýar. Bu aýratynlyk hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Biziň ýurdumyzdan dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan täze ulag geçelgeleriniň, gaz geçirijileriniň gurulmagy we bu işleriň häzirki döwürde hem dowam etdirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Abdy ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.