Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem eziz Watanymyzyň täze taryhy beýik ösüşler bilen şöhratlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamalaryň, öňde goýlan anyk wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bular hakynda ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem anyk maglumatlar berildi. Oňa laýyklykda şu ýylyň üç aýynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda ýokary netijeler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ýurdumyzyň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde eziz Watanymyzyň batly depginler bilen gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Aknabat MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.