Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar häzirkizaman üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar. Olaryň gutarnykly amala aşyrylmagy bilen Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän üstaşyr ýollar we kämil aragatnaşyk ulgamy peýda bolýar. Türkmenistanyň ýollaryň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşmeginden ugur alnyp gurulýan desgalardyr ýollar sebitleriň arasyny ýakynlaşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulýan döwrebap howa menziliniň hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ulanylmaga berilmegi diňe bir içerki däl, eýsem, sebitara gatnaşyklaryň hem has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder.
Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolmakda öz paýyna düşýän işleri abraý bilen ýerine ýetirýär. Ösen döwletleriň hataryna goşulan Garaşsyz ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň sany artýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşinde ýatdan çykmajak, Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak hakynda aýratyn möhüm Kararyň kabul edilmegi bilen howa ýollary ýene-de giňeýär.
Şol möhüm resminamanyň kabul edileninden bäri iki ýyl geçip barýar. «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Kerki şäheriniň günbatar tarapynda täze howa menziliniň gurluşygyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Döwrebap howa menziliniň gurluşygynda işleriň agramly bölegi ýerine ýetirildi. Gurluşygyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew howa menziliniň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi üçin taslamada görkezilenleriň birkemsiz berjaý edilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýändiklerini aýdýar. Ol ähli işleriň howa menziliniň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi üçin taslamada görkezilenleriň birkemsiz berjaý edilmegine gönükdirilýändigini aýratyn nygtaýar.
Baş inženeriň aýdyşy ýaly, «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary desganyň gurluşygynda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerlilik görkezýärler. Möhüm desgany gurmak üçin hususy kärhana bu ýerde özüniň beton öndürýän zawodlarynyň üçüsinden, Germaniýa döwletinde öndürilen «KARGO» kysymly beton düşeýän kuwwatly tehnikadan öndürijilikli peýdalanýar. «KARGO» kysymly beton düşeýän kuwwatly tehnikanyň şeýle işlerde belli bahasy ýok. Ondan başga hem dürli görnüşli tehnikalaryň 80-e golaýy gurluşykda iki iş çalşygynda ulanylýar. Gurluşykda ýerli çig mallardan giňden peýdalanylmaga uly üns berilýär, hususan-da gurluşyk üçin Köýtendagdaky öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri ulanylýar. Şu maksat bilen ýerli kärhanalar bilen baglaşylan şertnamalaryň doly ýerine ýetirilendigini aýtmak gerek.
Iki ýyla golaý wagtyň dowamynda möhüm işleriň aglabasy meýilnama hem-de taslama laýyklykda amala aşyryldy. Uçarlaryň uçmaklary üçin zerur bolan meýdanlaryň we zolaklaryň çäginde betonlamak işleri ýokary hilli ýerine ýetirildi. Uzynlygy 2 700 metr we ini 45 metr bolan uçuş-gonuş zolagy taýýar edildi. Umumy meýdany 2 200 inedördül metr bolan ýolagçy terminaly guruldy. Howa menziliniň dolandyryş binalary hem taýýar bolup barýar. Häzir bu ýerde içerki bezeg işleri dowam edýär.
Üç gatly terminal binasynyň beýikligi 12 metre barabar. Üçünji gatda uçuşy dolandyryş diňi ýerleşdirilen bina hem gurlupdyr, onuň beýikligi 31,7 metre barabardyr. Uçar duralgasy iki sany ortaça göwrümli ýa-da bir uly göwrümli howa gämisi we 4 sany dikuçar üçin niýetlenilipdir. Dikuçarlaryň uçup-gonmagy üçin gonalgalaryň 4-si guruldy.
Howa menziliniň düzüminde ýöriteleşdirilen ulag hyzmaty, ýangyn gullugy we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş gullugy, şeýle-de barlag we gözegçilik nokatlary göz öňünde tutulypdyr. Häzirki wagtda bu ýerlerde we beýleki kömekçi tehniki desgalarda gurluşyk hem-de gurnama işleri gyzgalaňly dowam edýär. Tutuş ýaşaýyş goldaw toplumy hem bolan howa menzili 210 gektar meýdany tutýar. Şol bir wagtyň özünde onuň töwereginde 12 100 inedördül metr meýdan abadanlaşdyrylýar. Howa menziline barýan, boýlarynda bag daragtlary oturdylan döwrebap ýoluň gurluşygy etrap häkimliginiň buýurmasy esasynda amala aşyrylýar. Her sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň gurluşygynda şertnamalaýyn esasda işçidir hünärmenleriň zerur bolan möçberi işledilýär. Gurluşyk-gurnama meýdançasynyň başlygy Hudaýnazar Gurbanow ýerine ýetirilýän işleriň biri-biri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykly alnyp barylýandygyny aýdýar. Howa menziliniň daşyna haýat, germew aýlamak işleri hem üstünlikli ýerine ýetirildi. Kerkiniň howa menzili kömekçi desgalaryň hem birnäçesi bilen üpjün ediler. Olaryň hatarynda ýolagçylaryň ýeňil awtoulaglary üçin duralga, awtobus duralgasy, menziliň awtoulaglary üçin ammar, tehniki bölüm, ýangyç guýýan bölüm, ýyladyş-sowadyş ulgamlary, suw desgasy, şol sanda içimlik we beýleki hajatlar üçin ulanyljak suw gorlary, kuwwatly elektrik paýlaýjy desgalar, meýdanyň umumy gorag simleri hem-de howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bolar.
Howa menzilini döwrebap enjamlaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek Fransiýanyň dünýäde belli «Thales» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, şol sanda awiasiýa tehnikasy we raýat awiasiýasy üçin ulgamlary işläp taýýarlamakda hem-de öndürmekde ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa menzilleriniň hem-de islendik görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklarynyň gurluşygy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösen düzümini döretmekde, howpsuzlygy hem-de ygtybarlylygy üpjün etmekde, ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmakda örän ähmiýetli bolup durýar. Şu babatda alanyňda Kerkide gurulýan howa menzili hem bu talaplaryň ählisini özünde jemlär.
Jeýhunyň boýunda ençeme taryhy wakalaryň şaýady bolup oturan şäherdäki döwrebap howa menziliniň gurluşygy häzirki wagtda bütin ýurduň üns merkezinde. Bu möhüm desganyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakasyna öwrüler. Ol Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ruhubelent işleri bilen gadam urýan halkymyz üçin mynasyp sowgat bolar. Kerki şäherinde gurulýan howa menzili ýurdumyzyň gündogar sebitini paýtagtymyz we beýleki sebitler bilen ählitaraplaýyn berk baglanyşdyrar. Kerki şäheriniň döwrebap howa menzilinden uçarlaryň asmana galjak günleri indi daşda däl.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.