Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan taryhy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän beýik işlere beslenýär. Adamzat jemgyýetinde uly özgerişlikleriň bolup geçýän häzirki döwründe ýaşlar bu täzeliklere çalt seslenýärler, alys geljegi nazarlaýan belent maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzy beýgeldýän mynasyp nesiller bolup ýetişýärler.
Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, olary goldamaga gönükdirilýär. Geçen ýylyň sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky tagallalaryň hukuk esaslarynyň berkidimeginde möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Ýaş nesle bildirilýän ynamyň uludygyny, biziň ösüşlerimiziň, ata Watanymyzyň berkararlygynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň, il-günümiziň abadançylygynyň ýaşlarymyza baglydygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz şeýle diýdi: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Biz ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklarynda şu ýyl hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly işlemelidiris. Şanly seneleri, dürli dabaralary geçirip, birnäçe önümçilik maksatly we ýaşaýyş-durmuş ugurly desgalary ulanmaga bermelidiris. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň biridir”.
Ýaşlyk diýmek, gujur-gaýrat diýmek. Gujur-gaýrat bolsa sport we bedenterbiýe hereketi bilen kemala gelýär. Sebitiň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde hem ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilendir. «Akylly» şäher ýörelgesine eýerilip bina edilen täze ajaýyp şäherde ekologik talaplar berk berjaý edildi. Ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň hasabyna dürli ýaşaýyş-durmuş we medeni, önümçilik maksatly binalar guruldy.
Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde ykrar edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň sporty we bedenterbiýäni wagyz etmekdäki, oňa giň gerim bermekdäki tagallalarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Sebitiň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde hem ilatyň, şol sanda ýaş nesliň bedenterbiýäni hemra edinmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Ol ýerdäki binalaryň hatarynda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumynyň, stadionlaryň, Sport merkeziniň bardygy ähli ildeşlerimiz bilen bilelikde, biz, bedenterbiýe we sport ugurly hünärmenleriňem buýsanjyny artdyrýar. Sport merkezinde sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredilendigini, döwrebap stadionda sportuň agyr atletika, küşt, şaşka, bilýard, stoluň üstünde oýnalýan tennis we boks görnüşleri üçin zallaryň, woleýbol, kenarýaka woleýbol, basketbol, futbol we tennis görnüşleri üçin açyk sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulandygy ýaşlaryň, umuman, ähli ilatyň sporty we bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwürmegi üçin ähli şertleriň bardygyny görkezýär.
Bu gün merdana halkymyz ak şäherimiz Aşgabatda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän täze şäherlerdir şäherçelerde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, ýaşaýar, işleýär, dynç alýar, döredýär. Halkymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler röwşen geljegiň binýadyny berkden tutýar.
Parahat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary.