Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek boýunça bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, býujet borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Merkezi banka Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

(TDH)