Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky gol çekilen resminamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Merkezi Aziýa — Hindistan dialogynyň” daşary işler ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetini 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda, degişlilikde, Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

(TDH)