Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, il içinden höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň kalbynda milli sungatymyza söýgi döretmek ugrunda ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň sungat äleminde ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: 

                                                                   

 — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa; 

                                                                   

— “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa; 

                                                                   

— “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýew; 

                                                                   

 — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýew; 

                                                                   

— Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýew; 

                                                                   

 — Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýew. 

                                                                                                           

(TDH)